Sepleriň elýeterliligi

Donetskde Gyzyl haç guramasynyň işgäri öldürildi


Gündogar Ukrainada Halkara Gyzyl haç guramasynyň işgäri öldürildi. Bu waka gürrüňi gidýän guramanyň Donetskdäki edarasynyň golaýyna raketa düşen mahaly bolup geçdi.

Düýbi Ženewada ýerleşýän gurama wakada pida bolan 38 ýaşynda Laurent DuPaskýunyň (Laurent DuPasquier) Şweýsariýanyň raýatydygyny habar berýär.

Guramanyň operasion direktory Dominik Stillhart öz beýanatynda “ýaşaýyş territoriýasyna birden amala aşyrylan hüjüm kabul ederliksiz we halkara adam hukuklaryny bozýar” diýip, wakany ýazgardy.

Ukrainanyň hökümet güýçleri we orsparaz pitneçiler raketa hüjümini amala aşyrmakda birek-biregini aýyplady.

1-nji oktýabrda Donetsk şäherindäki mekdebiň meýdançasyna we onuň golaýyndaky kiçi transport ulagyna amala aşyrylan raketa hüjüminde hem azyndan 10 adam ölüpdi.

XS
SM
MD
LG