Sepleriň elýeterliligi

Kemron Owganystany goldajak diýýär


Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kemron Kabula eden duýdansyz saparynyň dowamynda Britaniýa Owganystanyň hemişe “güýçli hyzmatdaşy we gowy dosty bolar” diýdi.

3-nji oktýabrda Kemron Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Ahmadzaý bilen geçiren duşuşygy esasynda şu hepde wezipesine başlan owgan prezidenti bilen duşuşan ilkinji dünýä lideri boldy.

Gani bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda Kemron birleşen täze milli hökümete ýüzlenip, “tutuş Owganystany korrupsiýasyz, gowy dolandyryp boljak usulda ýurdy birleşdirmäge” çagyrdy.

Britaniýanyň uruş güýçleri 13 ýyl dowam eden kampaniýadan soň, şu ýylyň ahyrynda Owganystany terk etmegi planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG