Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Ýanukowiç rus raýatlygyny aldy


Ukrainanyň resmileri ýurduň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç we öňki ýokary derejeli resmileriň käbirleri Russiýanyň raýatlygyny aldy diýýärler.

3-nji oktýabrda Ukrainanyň içeri işler ministriniň kömekçisi Anton Heraşçenko özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazan maglumatynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ýanukowiçe, öňki premýer-ministr Mykola Azarowa, ýurduň öňki baş prokurory Wiktor Pşonka we olaryň maşgala agzalaryna Russiýanyň raýatlygyny berýän “gizlin permana” gol goýdy diýilýär.

Ukraina agzalan üç ýokary derejeli resmini ýaragsyz demonstrantlary öldürmekde aýyplap, olara garşy jenaýat derňewlerini başladypdy.

Ukrainanyň gürrüňi edilýän üç ýokary derejeli resmisi hökümete garşy geçirilen protestleriň yzýany, fewral aýynyň ahyrynda ýurdy terk edipdi.

Putiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 3-nji oktýabrda “Eho Moskwy” atly radio beren maglumatynda Heraşçenkonyň beýanaty barada söz ýazmakdan ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG