Sepleriň elýeterliligi

Kobanide güýçli çaknyşyklar bolýar


Siriýanyň Kobani şäherine aralaşýan “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri bilen kürt söweşijileriň arasynda güýçli söweşleriň bolýandygy habar berilýär.

Maglumatlara görä, Birleşen Ştatlaryň liderligindäki howa zarbalaryna garamazdan, “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri kürt şäheriniň araçäklerine birnäçe kilometr aralaşypdyr.

2-nji oktýabrda türk premýer-ministri Ahmet Dawutogly “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň Siriýadaky Kobani şäherini ele salmagynyň öňüni almak üçin Türkiýe elinde baryny eder diýipdi. Bu şäheriň ýaşaýjylarynyň aglabasy kürtlerden ybarat bolup, ol Siriýanyň Türkiýe bilen araçäginiň eteginde ýerleşýär.

Mundan öň Türkiýäniň parlamenti ýurduň hökümetine Yrakda we Siriýada harby operasiýalary amala aşyrmaga ygtyýar berýän rezolýusiýany kabul edipdi.

Şeýle-de, kanunçykaryjylar daşary ýurt koalisiýanyň Türkiýäniň territoriýasyndan şuňa meňzeş operasiýalary geçirmegine rugsat bermegi üçin türk hökümetine ygtyýar beripdi.

Häzirki wagt Türkiýede Kobani sebitinden baran 160 müňden gowrak bosgun ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG