Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameron Owganystany goldamagy wada berýär


Deýwid Kameron Kabulda Britaniýanyň Owganystan üçin «güýçli partnýor we gowy dost» boljagyny aýtdy.
Deýwid Kameron Kabulda Britaniýanyň Owganystan üçin «güýçli partnýor we gowy dost» boljagyny aýtdy.

Premýer-ministr Deýwid Kameron Kabula eden garaşylmadyk saparynda Britaniýanyň bu ýurt üçin «güýçli partnýor we gowy dost» boljagyny wada berdi.

Kameron 3-nji oktýabrda, aýlara çeken syýasy aýdyňsyzlykdan soň, şu hepde prezidentlige kasam eden Aşraf Gani bilen görşen ilkinji dünýä lideri boldy.

Kameron Gani bilen bile çykyş eden metbugat ýygnagynda Britaniýanyň Owganystana has howpsuz, durnukly we abadan geljek gurmaga kömekleşmeklige ygrarlydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Owganystanyň täze milli bütewilik hökümetini bilelikde ýurdy korrupsiýasyz, dürs hökümet ýoluna salmaga çagyrdy.

Gani prezidentlige 29-njy sentýabrda, prezidentlik ugrundaky bäsdeşi Abdylla Abdylla bilen häkimiýeti bölüşmek ylalaşygyna gelenden soň başlady. Abdylla bolsa premýer-ministriň wezipesine çalymdaş jogapkärçiligi öz üstüne aldy, ýagny baş ýerine ýetiriji bolmaga kasam kabul etdi.

Kameron bu liderleriň milli bähbitleri öz «şahsy bähbitlerinden» ýokarda goýandyklaryny aýtdy.
Kameron bu liderleriň milli bähbitleri öz «şahsy bähbitlerinden» ýokarda goýandyklaryny aýtdy.

Kameron bu liderleriň ikisini hem öwdi we olaryň milli bähbitleri öz «şahsy bähbitlerinden» ýokarda goýandyklaryny aýtdy.

Gani täze hökümetde berçinlenen syýasy bütewiligiň Owganystanyň problemalaryny çözmekligiň esasy özeni bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Owganystandaky söweşlerde wepat bolan daşary ýurt esgerleriniň ählisine baş egdi we britan goşunlarynyň Owganystan bilen «egin-egne berip» durandygyny nygtady.

Kameron hem Owganystana gelende, Helmand welaýatyndaky britan esgerleriniň ýanyna barmazyndan öň, Owganystanda gulluk edýän wagty wepat bolan we ýaralanan britan esgerleriniň hormatyna baş egdi. Owganystanda Britaniýanyň 453 esgeri wepat boldy.

Britaniýa, Birleşen Ştatlardan soň, bu ýurtdaky halkara harby koalisiýa iň kän goşant goşan ýurt boldy.

Britaniýanyň söweş goşunlary ýylyň aýagynda Owganystany terk edip, 13 ýyllyk kampaniýany soňlar.

Ganiniň adminstrasiýasy şu hepde uzak gijikdirilen howpsuzlyk şertnamasyna gol çekip, 10 müňe golaý amerikan esgeriniň 31-nji dekabrdan, söweş missiýasy soňlanandan soň hem Owganystanda galmagyna rugsat berdi.

NATO bilen hem şuňa meňzeş şertnama gol çekildi we onda 5 müňe çenli goşmaça halkara esgeriniň Owganystanda galmagyna rugsat berilýär. Ol esgerler esasan britaniýaly, germaniýaly, italiýaly we türkiýeli bolup, 2014-nji ýyldan soň Owganystanda söweş roluny oýnamazdan gulluk eder.

Britaniýa Owganystana maliýe taýdan hem iň köp kömek eden ýurtlaryň biri boldy.

Kameron ýurduň magaryfdaky, saglygy saklaýyşdaky we beýleki jemgyýetçilik hyzmatlaryndaky esasy progresini saklamak üçin 2017-nji ýyla çenli 287 million dollar bermegi wada berdi.

Şeýle-de ol noýabrda Londonda Gani bilen bile Owganystana geljekde berilmeli kömek baradaky konferensiýa beýemçilik etjegini aýtdy.

Biraz öň Britaniýanyň premýer-ministri Britaniýanyň Kiprdäki bazasyna sapar etdi, bu ýerden harby uçarlar Yrakdaky «Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy zarba urup başlaýar.

Kameron Kabulda «yslamçy ekstremistleriň terroryny ýeňmek işi dünýäniň ähli ýerinde alnyp barylýar» diýdi.

"Bu howpuň bize öýümizde wehim salýandygy sebäpli, biz öz rolumyzy oýnamagy dowam etdirmeli» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG