Sepleriň elýeterliligi

Türkmen tussaglaryna üns çekildi


ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýa, Warşawa

ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýa, Warşawa

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ”Adamçylyk ölçeglerine” bagyşlanan sammitiniň soňky gününde ABŞ-nyň delegasiýasy Türkmenistandaky bendileriň ýagdaýyna aýratyn ünsi çekdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Polşanyň paýtagty Warşawada iki hepde dowam eden”Adamçylyk ölçegleri” boýunça ýygnagyna ABŞ tarapyndan gatnaşan delegasiýanyň ýolbaşçysy professor Brian Atwood “Türkmenistanda 2002-nji ýylda hökümeti agdarmak üçin boldy diýilýän synanyşyk bilen bagly tussag edilen adamlaryň ykbaly barada aýratyn aladalaryň dowam etdiriljekdigini” nygtady.

Tussaglaryň ykbaly

“Hökümeti agdarmak synanyşygy diýilýän wakalar bilen ilteşikli 2003-nji ýylda tussag edilen adamlaryň ykbaly barada, aradan 10 ýyl geçendigine garamazdan, hiç hili maglumat ýok. Şol aýyplama bilen baglanyşykly 60 töweregi adamyň tussag edilendigi we olaryň dürli gynamalara duçar bolýandyklary barada dokumentleşdirlen faktlar bar.” Diýip, ABŞ-nyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy ýygnaga gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Agzalýan ýolbaşçy aýratynam şol adamlaryň ykbaly baradaky ýagdaýlary anyklamak üçin döredilen Moskwa mehanizminiň çäginde bu meseläniň yzygiderli gozgalmagynyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem agzalýan meseleler çözülýänçä bu ugurdaky tagallalaryny dowam etdirmäge çagyrdy.

ABŞ-ly ýolbaşçy professor Brian Atwood agzalýan bendileriň ykbaly we türmedäki ýagdaýlar barada aýratyn alada bildirip, ýene şeýle diýdi: ”Ençeme ýagdaýlarda bendileriň maşgala agzalary agzalýan bendileriň nirede saklanýandygyny, saglyk ýagdaýlarynyň nähilidigini, hatda olaryň diridigini ýa däldigini hem bilenoklar”.

Türmeden maglumat

ABŞ-nyň wekili, takyk bir waka ünsi çekmek bilen, geçen hepde Türkmenistanda türmeleriň içerki ýagdaýlary, esasanam Owadendepe türmesi barada gaty aýylganç maglumatlary eşidendigini aýdyp, Türkmenistany bu kemçilikleri aradan aýyrmak üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň wekili bu ýygnakda Türkmenistanyň wekiliniň ýokdugyna ünsi çekip, bu ýagdaýa lapykeçlik bildirdi. Ol öz çykyşynyň bir böleginde Belarusdaky ýagdaýlar hakda hem durup geçip, bu ýurtdaky syýasy tussaglaryň öňünden hiç hili şert goýmazdan azat edilmegini talap etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG