Sepleriň elýeterliligi

Çäreleriň döredýän bökdençlikleri


Çäräniň geçýän köçeleri azyndan 1-1,5 sagat öňünden petiklenýär.

Çäräniň geçýän köçeleri azyndan 1-1,5 sagat öňünden petiklenýär.

Garaşsyzlyk güni baýramyna entek ep-esli wagt bardygyna garamazdan, şu wagtdan bu baýramçylygyň bellenilip başlanandygyny aýtsa bolar.

Soňky günler, bu baýramçylyga gabatlanyp, birnäçe täze binalaryň açylyş dabaralary bolup geçdi. Şowhun bilen geçirilýän bu dabaralara okuwlaryndan galdyrylan okuwçylardyr studentler, işlerini taşlamaly bolýan býujet edaralarynyň işgärleri mejbury gatnaşdyrylýar.

Şol bir wagtda olara gönümel gatnaşmaýan beýleki adamlara hem bu dabaralaryň täsiri ýetirýär. Hususan-da, soňky günler paýtagtyň köçeleriniň ýapylmagy adata öwrülip barýar. Mysal üçin, düýn Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Derweze etrabyndaky “Täze zaman” täze obasynyň açylyş dabarasy bolup geçdi.

Ýollar

Göräýmäge, bu dabaranyň paýtagtyň gündelik durmuşy bilen hiç hili baglanyşygy ýok ýaly. Emma prezidentiň bu dabara baran we gaýdan Görogly, Alyşir Nowaýy, A.Nyýazow we S.Türkmenbaşy köçeleri prezident geçýänçä ýarym sagatdan hem köp wagtlap ýapyldy.

Bu ýagdaý 1-nji oktýabrda paýtagtyň A.Nyýazow köçesiniň Oguzkent myhmanasyndan tä Görogly köçesi bilen kesişýän bölegine çenli aralykdaky täze gurlan birnäçe binalaryň hem-de paýtagtyň merkezindäki täze gurlan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynyň açylyş dabaralarynda hem gaýtalandy.

Dykynlar

Prezidentiň gatnaşmagynda geçýän her bir köpçülikleýin çärede bolşy ýaly, şol çäräniň geçýän ýeriniň töwereklerindäki köçeler azyndan 1-1,5 sagat öňünden petiklendi. A.Nyýazow köçesiniň şol böleginiň ýapylmagy ol ýerde çäräniň geçirilýändigi bilen bagly. Emma paýtagtyň beýleki ýanaşyk köçeleri hem ýapyldy. Görogly, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk prospektleriniň ýapylmagy paýtagtyň merkezi raýonlarynda transport kollapsyny, ýagny hereketsiz dykynyny döretdi.

Sürüjiler bu köçelerden geçip bilmänsoňlar, başga köçelere sowlup, şol keçelerde dykynlar emele geldi. Magtymguly, Andalyp prospektlerinde, Şewçenko köçesinde has-da uly dykynlar emele geldi. Awtoulgalar ýarym sagada golaý dykynlarda durmaly boldular. Awtobuslar marşurtlaryny üýtgetmeli boldular.

Käbir köçeler az wagtlap ýapylan bolsa, käbirleri ençeme wagt ýapyldy. Mysal üçin, S.Türkmenbaşy prospektiniň bir ýarym sagatlap ýapylandygyny bu köçeden gatnaýan 16-njy marşrut awtobusynyň sürüjisi aýdýar. Şol bir wagtda hem haýsy köçeleriň anyk haýsy wagtda ýapyljakdygy barada öňünden hiç hili duýduryşyň berilmeýändigi sebäpli haýsy köçeleriň ýapylandygyny, haýsylarynyň hem açylandygyny bilmek juda kyn.

Sürüjiler bilen birlikde gürrüňi gidýän awtoulag dykynlaryndan awtobuslaryň içindäki ýolagçylar hem kösenýärler. Içi doly dymyk awtobuslardaky ýolagçylar, şol sanda garrylar we ýaş çagalar gyzgyn howada derleşip, ulag dykynynda sagatlap hereketsiz duran awtobusyň öz duralgalaryna ýeterine bialaç garaşyp oturmaga mejbur boldular.

Pyýadalar

Şol bir wagtda-da ol gün bu awtobuslara öz erki bilen münmedik ýolagçylar hem az däldi. Olar ýapylan köçeleriň awtobus duralgalaryndan kowlan ýolagçylar. Köçe ýapyljak bolanda 20-30 minut öňünden eli rasiýaly ýörite gulluklaryň işgärleri olaryň, islendik awtobusa münüp, awtobus duralgalaryny terk etmeklerini talap edipdirler.

Jaýlaryň arkasyna "gizlenen" pyýadalar

Jaýlaryň arkasyna "gizlenen" pyýadalar

Köçeler diňe bir awtoulaglar üçin ýapylman, eýsem bu ýapylan köçelerden pyýadalar hem geçip bilmeýärler. Olar hatda bu köçeleriň gyralarynda hem görünmeli däl.

Eli rasiýaly adamlar ýapylan köçelerden geçmekligi ýa-da şol köçelerdäki awtobus duralgasyna barýan pyýadalardan olaryň köçeden görünmez ýaly ýerde bukulmaklaryny talap edýärdiler. Pyýadalaryň käbirlerine baglaryň arkasynda bukulmagy masalahat berilse, käbirlerine ýerasty geçelgä ýa-da golaýdaky binalara girmek tabşyrylypdyr.

Pyýadalaryň bu ýagdaýdan nägileliklerini bildirýänleri hem bar. Nägileligini bildirýänlere gödek jogap berilýän halatlary seýrek däl. Elbetde, ýagdaýy düşündirjek bolýan howpsuzlyk işgärleri hem bar.

Mundan başga-da ýapylýan köçeleriň golaýynda awtoulaglary hem goýmak gadagan. Hatda bu awtoulaglar ýörite duralgada duran hem bolsalar, olary aýyrmak talap edilýär. Kähalatda bolsa köçe ýapylmagyna birnäçe sagat öňünden awtoulaglar ýapyljak köçeleriň golaýlaryndan aýrylyp başlanýar.

Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň ýörite awtoulaglary gije ýa-da daňdan aýlanyp, ýörite ses beýgeldiji enjamlardan awtoulagyň nomerini gygyryp aýdyp, şol awtoulagy aýyrmagy talap edýärler. Eýesi tapylmadyk awtoulag bolsa ewakuatorlar bilen başga bir ýere geçirilýär.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çäreleriň sany barada maglumat ýok. Emma paýtagtda geçen ýyllardaky ýaly bu baýram mynasybetli ençeme çärelerdir, açylyş dabaralarynyň geçirilmegine garaşylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG