Sepleriň elýeterliligi

Çorkişlok Siriýada söweşýänleriň obasy


Ýosinhon Eşonow, Çorkişlok obasynyň ýaşaýjysy, 23-nji sentýabr, 2014

Ýosinhon Eşonow, Çorkişlok obasynyň ýaşaýjysy, 23-nji sentýabr, 2014

Resmi maglumatlara görä, Täjigistanyň Sogd welaýatynyň Isfarin etrabynyň Çorkişlok obasynyň 20 sany ýaşaýjysy Başar Asadyň režiminiň garşydaşlarynyň tarapynda söweşmek üçin şu ýyl Siriýa gidipdir.

Täjigistanyň çetde ýerleşýän obasynyň ýaşaýjylarynyň Siriýa “jyhada” gitmegine näme itergi berdi? Olaryň Täjigistandaky garyndaşlary bu barada näme diýýärler?

Täjigistanyň iň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Çorkişlok obasyna baranyňda, ýerli ýaşaýjylaryň berk dini däp-dessurlara eýerýändigi göze ilýär. Obanyň iki ýaşaýjysy “Hizb-ut-Tahrir” guramasynyň ideýalaryny goldamakda aýyplanyp, türme tussaglygynda saklanylýarlar.

Çorkişlok obasy

Çorkişlok obasy

Ýerli ýaşaýjylaryň Siriýada we Yrakda söweşýändigi barada maglumatlaryň peýda bolmagy netijesinde köpçüligiň üns merkezine düşen we 3 000 adam ilatly Çorkişlok obasy Isfaranyň ýedi kilometr golaýynda ýerleşýär. Köçelerde ýaşlar köp göze ilmeýär, sebäbi erkek adamlaryň köpüsiniň Orsýetde işleýändigini aýdýarlar. Bu ýerde aýal-gyzlar yslam dinine görä geýinýärler.

Sentýabr aýynda Täjigistanyň häkimiýetleriniň 200 çemesi täjigistanlynyň urşa gidendigini aýtmagynyň yzysüre Çorkişlok obasyndan 20 çemesi adamyň Siriýada söweşýändigi barada maglumatlar peýda boldy.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň täjigistanlylaryň arasyndaky jyhadçylar barada köpçüligiň öňünde çykyş etmeginiň öňüsyrasynda Çorkişlok obasynyň ýaşaýjysy Nesibe Fattoýewanyň adamsynyň ýany bilen Siriýa gitmegine rugsat berilmändigi aýdyldy. Bu göwreli zenan iki sany ýaş çagasy bilen bilelikde Gyrgyzystanyň serhedinden yza gaýtaryldy.

Bu obanyň yslamçy söweşijiler üçin amatly çeşme bolýandygy baradaky pikriler ýerli ýaşaýjylary alada goýýar.

Ýokary derejeli ýerli resmi Mubaşira Mirzohujaýewa agzalan zenanyň adamsynyň Orsýetde işläp ýören wagtynda Siriýada söweşýänleriň hataryna goşulandygyny aýtdy. Çorkişlogyň ýeke-täk metjidiniň ymamy Sadriddin Sodikow öz jemagatynyň jyhadçylar diýilýänlerden daşdadygyny aýtdy.

“Olaryň aglabasy metjide namaza-da gelmeýär we dinçi adamlar däl. Olar hatda jyhadyň hakyky manysyny hem bilmeýärler” diýip, Sodikow aýdýar.

Çorkişlok obasyny we ýene ençeme kiçi obalary öz içine alýan Şahrak etrabynyň ýolbaşçysy Mähri Ibrohimowa goranmak pozisiýasyny eýeledi: “Şol 20 adamdan hiç biri Siriýa Täjigistandan gitmedi. Olaryň ene-atalary olara näme bolandygyny hem takyk bilmeýärler”.

Çorkişlok obasyndaky ýagdaýy anyklamak üçin bu ýerde žurnalistleriň we resmileriň peýda bolmagy ýerli häkimiýetler, şol sanda söweşiji bolandyr diýlip güman edilýänler bilen maşgala gatnaşykda bolan adamlar üçin hem oňaýsyzlyk döretdi.

Ýosinhon Eşonowyň ogly Ýokub Siriýa maý aýynda gidipdir, onuň yzynda aýaly we iki çagasy galypdyr. Eşonow oglunyň Orsýetde “beýnisiniň ýuwulandygyny” we Siriýada söweşýänleriň hataryna goşulandygyny aýtdy: “Meniň gelnim öz adamsyny öýe dolanmaga ündemäge çalyşýar. Olaryň ikisi-de häzir Türkiýede we olar Duşenbä ýa Moskwa aşmaga synanyşýarlar” diýdi.

Eşonow öz oglunyň “beýnisiniň ýuwlandygyny” aýdýarlar, beýlekiler Çorkişlogyň ýaşlarynyň jyhada baş goşmagynyň başga sebäpleriniň bardygyny çak edýärler.

Çorkişlok obasynyň käbir ýaşaýjylary öz hossarlarynyň Siriýadaky urşa gidenine buýsanýarlar, olar “hakyky musulman adamlar” diýýärler, beýlekiler urşa gidenleriň şowsuzlygyň we fanatizmiň pidasy bolandygyny aýdýarlar.

Siriýada öldürilen ýigidiň kakasy öz oglunyň “mukaddes uruşda” öz janyny gurban edendigini buýsanç bilen aýtdy. Ol oglunyň adyny agzamakdan saklandy we öz gelniniň entek mundan habarsyzdygyny aýtdy.

Emma bu adamyň goňşulary ýerli ýaşaýjylaryň daşary ýurtlara urşa gitmegine halys garyplygyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Biziň ogullarymyz Orsýete gidýärler, sebäbi bu ýerde bizde işlemäge hiç hili mümkinçilik ýok” diýip, 70 ýaşly ýerli ýaşaýjy Nizomiddin Ýormatow gürrüň berýär.

Çorkişlogyň resmileri häkimiýetleriň Siriýa we Yraga giden 20 ýaşaýjyny yzyna gaýtarmagyň ugrunda iş alyp barýandyklaryny aýdýarlar.

“Biz ene-atalar bilen gepleşdik. Biz olary öz çagalarynyň öýüne dolanmagy ugrunda hereket etmäge çagyrýarys” diýip, etrap ýolbaşçysy Ibrohmonowa aýdýar we “Olaryň käbirleri öz ene-atalary bilen telefon arkaly gepleşýärler. Bu biziň ýeke-täk aragatnaşyk ýolumyz” diýip, ýagdaýy gürrüň berýär.

Emma Ibrohmonowa häkimiýetleriň esasy ünsüniň ýerli ýaşlaryň daşary ýurt jyhadçylarynyň hataryna goşulmagynyň öňüni almaklyga gönükdirilýändigini aýdýar.

Häkimiýetler we dini liderler mekdeplerde, metjitlerde we çaýhanalarda köpçülikleýin duşuşyklary geçirýärler. Ýerli ymam Sodikow metjitde ýaşlara wagyz-nesihat edip, Siriýadaky we Yrakdaky söweşleriň mukaddes uruş däldigini düşündirýändigini aýdýar.

“Yslama laýyklykda musulmanlara we Hudaýyň birligine ynanýan beýleki dinlere uýýanlara garşy söweş jyhad däl” diýip, Sodikow nygtaýar.

XS
SM
MD
LG