Sepleriň elýeterliligi

Haj 2014 - "selfie" we Ebola


Haja gelenler iň köp Gara daşa togap edilýän mahaly öz-özlerini surata düşürýärler.

Haja gelenler iň köp Gara daşa togap edilýän mahaly öz-özlerini surata düşürýärler.

2-nji oktýabrdan başlan haj zyýaratynyň bu ýyl howply taraplary hem bar. Iki milliona golaý musulman 5 günlük haj ybadatyny berjaý etmek üçin Mekgä gelýär we dünýäde şeýle köp adamyň gysga wagtyň içinde bileleşip edýän iň uly zyýaratyny amala aşyrýar.

Bu ýylky haj zyýaratyny owalkylardan tapawutlandyrýan täze howplaryň biri hem Ebola wirusy bolup durýar.

Ebola wirusy

Günbatar Afrikada ýaýran wirus gysga wagtyň içinde üç müňden köp adamyň ölmegine sebäp boldy. Häzirki wagtda bu kesel Afrikadan gaýdanlaryň üsti bilen beýleki ýurtlara, şol sanda günbatara hem Amerika ýaýraýar.

Ýöne Saud Arabystany wirusyň ýaýran ýurtlary bolan Sierra Lione, Liberiýa we Gwineýadan haja zyýarata gelmek isleýänlere gadaganlyk goýupdyr. Bu üç ýurduň bilelikdäki hajy kwotasy 7400 adam bolup durýar. Saud Arabystany şalygy şeýle etmek bilen haja gelenleriň arasynda Ebola wirusynyň ýaýramagynyň öňüniň alnandygyna ynanýar.

Haj zyýaratyna bu ýyl gelenlerden saglyk ýagdaýy barada sagdynlyk şahadatnamasyny doldurmak we soňky 3 hepdede gurnan saparlary hem gezelençleri hakda maglumat bermek talap edilýär.

Pandemiki hassalyklar bilen baglanşykly bildirişler soňky birnäçe ýylda her gezek hajyň öňýanyndan gaýtadan ýaýradylýar. Guş dümewi, doňuz gribi, geçen ýyl bolsa täze bir grip wirusy bilen baglanşykly bildirişler ýaýradylanam bolsa, haj zyýaratyna gelenleriň arasynda keseliň adamlara ýokuşyp-ýokuşmandygy baradaky ýagdaýlar bellige alynmandy.

Ýöne bu ýylyň tomsunda Saud Arabystanynda MERS wirusy, ýagny bu gripleriň Ýakyn gündogarda ýaýraýan bir görnüşi höküminde epidemiýa öwrülipdi. Wirus 750 adama ýokuşyp, 319 adamyň hem ölmegine sebäp bolupdy.

Hajylaryň "selfie", ýagny öz-özüňi surata düşürme endigi

2014-nji ýylyň haj zyýaratynyň ýene bir täzeligi bolsa hajylaryň "selfie", ýagny öz-özüňi bilelikde surata düşürmeklik höwesi bolup durýar.

Haja gelenler zyýarat edýän ýerlerinde öz-özlerini surata düşürip, sosýal ulgamlara ýaýradýarlar.

Arap News habar gullugynyň habar bermegine görä, haja gelenler iň köp Käbäniň daş-töwereginde, Gara daşa togap edilýän mahaly we şeýtanyň daşlanýan mahaly öz-özlerini surata düşürýärler.

Munyň sebäbi bolsa, Saud Arabystanynyň resmileriniň owalky ýyllarda mukaddes ýerlere mobil telefon bilen girmeklige goýan gadaganyny bu ýyl gowşatmaklygy bilen baglanşykly.

Ýöne din alymlary, esasanam Saud Arabystanyndan Assim Al-Hakim, Abdylryzzak Al-Badr we başga sünni müftiler bu hereketi tankyt edýärler we adamlaryň özüni haj zyýaratyna gelen ýaly däl-de, adaty turist ýaly alyp barmagynyň zyýaratyň maksadyna zeper ýetirýändigine aýratyn üns çekýärler.

XS
SM
MD
LG