Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wideo YD kelle kesişini görkezýär


Internetde ýerleşdirilen wideo YD-nyň söweşijiler toparynyň britaniýaly zamun Alan Henniňiň kellesini kesişini görkezýär.
Internetde ýerleşdirilen wideo YD-nyň söweşijiler toparynyň britaniýaly zamun Alan Henniňiň kellesini kesişini görkezýär.

3-nji oktýabrda internetde ýerleşdirilen wideo YD-nyň söweşijiler toparynyň britaniýaly zamun Alan Henniňiň kellesini kesişini görkezýär.

47 ýaşyndaky Henniň taksi sürüji we meýletinçi kömek işgäridi, ol ýardam konwoýyna goşulandan soň, 26-njy dekabrda, Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky serhetden aşanyna kän wagt geçmänkä ele salyndy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bu adam öldürme YD-nyň nähili «wagşy hem ýigrenjidigini» görkezdi diýdi.

Kameron Britaniýanyň «bu ganhorlary tutmak we jogapkärçilige çekmek üçin» ähli zady etjegini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň beýanatynda bolsa, Birleşen Ştatlaryň «bu ýowuz ganhorlugy” berk ýazgarýandygy aýdylýar.

Obama Henniň siriýa halkynyň durmuş-ýaşaýşyny gowulandyrmak üçin işledi we onuň ölümi öz maşgalasy we Britaniýa üçin ýitgi bolşy ýaly, Siriýanyň halky üçin-de ýitgidir diýdi.

Obama Birleşen Ştatlaryň, Britaniýa we beýleki ýaranlar bilen bilelikde, Henniňiň ölüminde günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegi üçin ähli tagallany etjekdigini aýtdy.

Obamanyň terrora garşy ýokary derejeli geňeşçisi Liza Monako 3-nji oktýabrda şeýle diýdi: "Bu wideo bu toparyň nähili zalymdygyny görkezýän ýene bir aýdyň mysal we prezident hut şu sebäbe görä YDYL-y hemme taraplaýyn ysgyndan düşürmek we ýok etmek wezipesini öňde goýdy."

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland hem bu ganhorluk baradaky gazabyny beýan etdi we günäkärleri jogapkärçilige çekmäge kömekleşmegi wada berdi.

Bu wideo YD-nyň öňki kelle kesiş wideolaryna çalymdaş bolup, ýüzi perdeli YD jeňçisiniň ýene bir ýesiri, amerikaly Piter Kassig diýlip tanadylan adamy görkezip, indiki gezek şonuň öldüriljegini aýdyp haýbat atmagy bilen soňlanýar.

Ol jeňçi şeýle diýdi: "Obama, sen Şamy (Siriýa) howadan bombalamaga başladyň we biziň adamlarymyzy urmagy dowam etdirýärsiň, onsoň biziň indiki gezek siziň adamlaryňyzyň birini urmagymyz dogry bolar."

ABŞ-nyň prezidentine maslahat berýän Milli howpsuzlyk geňeşi özüniň ozalky goşun reýnjeri Kassigi öýüne getirmek üçin elde baryny etjegini aýtdy.
Onuň maşgalasy Kassigiň goşundan gideninden soň meýletin kömek işgäri bolandygyny aýdýar.

Bu wideonyň asyl nusgadygy bada-bat kesgitlenip bilinmedi, ýogsam ol YD-nyň ozalky wideolary ýaly äheňde ýaýradyldy.

Gury ýerdäki söweş

Bu waka YD söweşijileriniň Siriýanyň Türkiýe bilen serhetdäki Kobane şäherini gaban wagtyna gabat geldi.

Birleşen Ştatlaryň Kobanedäki YD söweşijilerine garşy howa zarbasyny urmagyna garamazdan, olar şäheriň kürt goragçylaryny oka tutdular.

Siriýanyň Britaniýadaky Adam hukuklary obserwatoriýasy, gözegçi topar şäheriň kürt pozisiýalaryna azyndan 60 çemesi minomýot tapgyrynyň atylandygyny aýtdy.

Obserwatoriýa bu strategiki şäherde YD-ynyň çeçen söweşijileriniň hüjüme ýolbaşçylyk edýändiklerini aýtdy.

Kobane şäheriniň YD söweşijileri tarapyndan ele geçirilmegi olara özleriniň Siriýanyň Aleppo şäheri bilen Rakkada ýerleşýän esasy mesgenleriniň arasynda göni baglanyşyk gurmaga mümkinçilik berer.

Bu gazaply söweş türk hökümeti parlamentden Siriýada we Yrakda harby herekete geçmäge ygtyýar alanyndan bir gün soň bolýar.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Türkiýäniň bu ädiminde «BMG-niň agza döwletine garşy real agressiýa howpunyň bardygyny» duýdurdy.

Koalisiýa giňeýär

Şu aralykda Pentagon Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň uçarlarynyň ABŞ-nyň söweş uçarlarynyň 3-nji oktýabrdaky täze bombalaýyş reýdine goşulandygyny aýtdy.

Koalisiýa uçarlarynyň YD tanklaryny, nebit zawodlaryny we tälim lagerlerini urandygy aýdylýar.

Amerikan uçarlary Yrakda hem üç howa reýdini geçirdiler, olaryň ikisi demirgazyk-gündogardaky Falluja degişli.

Gollandiýanyň goranmak ministri Jeanine Hennis-Plasschaýert hem öz ýurdunyň şu hepde ahyrynda Yragyň asmanyndaky herekete F-16 söweş bombaçylaryny iberip biljegini aýtdy we bu ädim Ak tarapyndan gutlanyldy.

Awstraliýa hem Yrakdaky howa zarbalaryna goşulmagy karar etdi, Kanadanyň parlamentiniň bolsa, söweş uçarlaryny ibermek planyny goldamagy 6-njy oktýabrda sese goýmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG