Sepleriň elýeterliligi

Ýadygärlikler "Halk hakydasy" atlandyrylar


Bekrewe, täze ýadygärlikleriň gurluşygy, 20-nji aprel, 2014.

Bekrewe, täze ýadygärlikleriň gurluşygy, 20-nji aprel, 2014.

Türkmenistanda 6-njy oktýabrda açyljak täze ýadygärliklere halkdan gowşan teklipler esasynda at dakylandygy habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow anna güni Aşgabadyň merkezi meýdançasynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, welosipedi gezelenç etdi we täze Hökümet binasynda maslahat geçirdi diýip, resmi habarda aýdylýar.

Bir günde üç maslahat

TDH gullugy 3-nji oktýabrda golaýda aýdym-sazly dabarlar bilen açylyp, täze ulanylmaga berlen Hökümet binasynda ilki wideo-şekilli iş maslahatynyň, soňra Ministrler kabinetiniň mejlisiniň, şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynyň geçirilendigini habar berýär.

Geçirilen maslahatlaryň üçüsinde hem prezident welaýat we şäher ýolbaşçylaryndan, wise-premýerlerden, harby we hukuk goraýjy edaralaryň baştutanlaryndan edilen işler, berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat sorapdyr.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedowyň indiki edilmeli işler, hususan-da sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, oba hojalyk işlerini wagtynda we agrotehniki kadalar esasynda ýerine ýetirmek, Garaşsyzlyk baýramyny guramaçylykly geçirmek, ýurtda asudalygy berjaý etmek boýunça degişli görkezmeleri beripdir.

Ýadygärlikler aýdym-saz bilen açylar

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa prezidente hasabat berip, 6-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde täze gurlan Ýadygärlikler toplumynyň açylyş çäreleriniň geçiriljegini aýtdy.

Habarda aýdylmagyna görä, Ýadygärlikler toplumynyň açylyş çäresi mynasybetli, ýurduň medeniýet we sungat işgärleri tarapyndan Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlara we söweş meýdanlaryna wepat bolan gahrymanlara bagyşlanan edebi-sazly çykyşlar, şekillendiriş sungatynyň sergisi taýýarlanýar.

Mundanam başga, şol gün Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlara, Enäniň ýadygärligine, Gökdepe söweşinde we 1941-45-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlara bagyşlanyp gurlan ýadygärliklere gül goýmak çäresi bolar.

"Halk teklip edýär"

Prezident Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, halk içinden gelip gowşan teklipler esasynda, Ýadygärlikler toplumyny «Halk hakydasy», Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýadygärligini «Ruhy tagzym», 1941-45-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligini «Baky şöhrat», Gökdepe söweşinde ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylygyny ebedileşdirýän ýadygärligi bolsa, «Milletiň ogullary» diýip atlandyrmak baradaky teklibi makullady.

XS
SM
MD
LG