Sepleriň elýeterliligi

Zyýaratçylar şeýtany daşlaýar


Ýüzlerçe müň musulman zyýaratçysy Saud Arabystanyndaky Mina jülgesinde simwoliki şeýtan daşlamak dessuryna gatnaşdy.

Bu ýyllyk haj zyýaratynyň jemleýji dessurydyr. Ak geýnen zyýaratçylar 4-nji oktýabrda şeýtany alamatlandyrýan betonlara daş ýagdyrdylar.

Bu dessur Eýd al-Adha, ýagny musulmanlaryň bütin dünýäde belleýän Gurban baýramynyň birinji gününe gabat geldi.

Resmi maglumata görä, şu ýyl haj zyýaratyna 2 million töweregi musulman gatnaşýar. Bu zyýarat resmi taýdan 7-nji oktýabrda tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG