Sepleriň elýeterliligi

Lawrow ýaraşyk saklanmaly diýýär


Orsýetiň daşary işler ministri Seregý Lawrow ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerrä gündogar Ukrainadaky ýaraşygyň şertleriniň ýerine ýetirilmelidigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Lawrowyň bu sözleri Kerri bilen 3-nji oktýabrda eden telefon gürrüňi mahalynda aýdandygyny aýdýar.

Şu aralykda gündogar Ukrainadaky taraplaryň ikisi hem, orsýetçi separatistler-de, ukrain hökümet güýçleri-de Donetsk aeroporty üstündääki söweşde harby üstünlik gazanandyklaryny aýtdylar.

Lawrow 5-nji sentýabrda Minskide gelnen ylalaşygyň şertleriniň berk saklanmagyna, şonuň ýaly-da Donetskde pitneçileriň kontrollugynda ýerleşýän ýaşaýyş etraplaryna top atylmagyny togtatmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG