Sepleriň elýeterliligi

Ýuriý Lýubimow aradan çykdy


1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan öň doglan Lýubimow 1960-njy ýyllarda awangard teatr eserlerine direktorlyk etmäge başlady.

1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan öň doglan Lýubimow 1960-njy ýyllarda awangard teatr eserlerine direktorlyk etmäge başlady.

Rus teatr sungatynda ýarym asyr gujurly zähmet çeken teatr režissýory Ýuriý Lýubimow 97 ýaşynda aradan çykdy.

Onuň ölüm habary 5-nji oktýabrda, Moskwanyň Botkinskaýa hassahanasynda yglan edildi. Ol bu ýere geçen hepde, ýürek näsazlyklary esasynda getirilipdi.

Ýuriý Lýubimow (Ç) ýazyjy Aleksandr Solženitsyn bilen(1996)

Ýuriý Lýubimow (Ç) ýazyjy Aleksandr Solženitsyn bilen(1996)

Lýubimow Moskwanyň Taganka teatryny esaslandyrdy we oňa 50 ýyl direktorlyk etdi. Bu teatryň sahnasynda goýan ajaýyp oýunlary oňa dünýä meşhurlygyny getirdi we Orsýetiň sowetlerden soňky täze nesiliniň kemala gelmegine uly täsir ýetirdi.

"Kembaha garamak kyn"

Prezident Wladimir Putin bu habara gynanjyny beýan etdi we Lýubimowyň häzirki zaman rus teatrynyň ösüşindäki roluna kembaha garamagyň asla mümkin däldigini aýtdy diýip, RIA Nowosti onuň sözçüsi Dmitriý Peskowa salgylanyp ýazdy.

Ýuriý Lýubimow, 2009 ý.

Ýuriý Lýubimow, 2009 ý.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew hem merhumyň maşgalasyna we ussadyň ähli studentlerine, kärdeşlerine, muşdaklaryna gynanjyny bildirdi.

"Orsýetiň teatral durmuşyny Ýuriý Petrowiç Lýubimowsyz göz öňüne getirmek mümkin däl” diýip, ol özüniň feýsbuk sahypasynda ýazdy.

1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan öň doglan Lýubimow 1960-njy ýyllarda awangard teatr eserlerine direktorlyk etmäge başlady.

Tankyt üçin bosgunlyk

Emma ol 1984-nji ýylda, Londonda bir oýun goýýan mahaly, Britaniýanyň "The Times" gazetine beren interwýusynda sowet medeni syýasatyna garşy gürrüň edenligi üçin, sowet raýatlygyndan çykaryldy we 1988-nji ýylda ýurduna dolanyp gelýänçä daşary ýurtda bosgunlykda ýaşady.

Lýubimow bosgunlykda ýaşaýan ýyllary Ýewropada we Birleşen Ştatlarda oýunlary we opera eserlerini goýdy. Onuň ady bilen bagly oýunlar we afişalar Taganka teatryndan aýrylyp taşlandy.

Emma muňa garamazdan, üýtgedip gurmagyň gelmegi bilen, Lýubimow 1988-nji ýylda Moskwa ýeňiş bilen dolandy we täze eserleri sahnalaşdyrmagyny dowam etdi.

Wladimir Wysotskiý Tagankanyň sahnasynda, 1971 ý.

Wladimir Wysotskiý Tagankanyň sahnasynda, 1971 ý.

Lýubimow Taganka teatryny 2011-nji ýylda, oňa ýarym asyr ýolbaşçylyk edeninden soň, teatryň turppasy bilen oňuşmazlyk zerarly terk etdi. Ol teatryň truppasyny teatr ýaltalykda we diňe pul gazanmak islemekde aýyplady.

Ýöne ol 90 ýaşynda hem işlemegini dowam etdirdi we 2013-nji ýylda özüniň Uly teatrdaky ilkinji eserine direktorlyk etdi.

Ol özüniň uzak döredijilik ömründe sowet we rus medeniýentiniň ägirt wekilleriniň ençemesi bilen bile işleşdi. Onuň egindeşleriniň arasynda sowet arassalaýyşlarynyň pidasy bolan režissýor Wsewold Meýerhold, kompozitor Dmitriý Şostakowiç, ýazyjy Boris Pasternak we aktýor Wladimir Wysoskiý dagy bar.

XS
SM
MD
LG