Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa Ukraina kömek iberdi


Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ministrligi 4-nji oktýabrda gündogar Ukraina 100-den gowrak ýük maşynynda ynsanperwer ýük iberendigini aýdýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Gerd Mueller bu ýükleriň gündogar Ukraina oktýabryň ortalaryna baryp ýetjegini aýtdy.

Ol bu ýükleriň içinde mobil öýleriň, meýdan aşhanalarynyň, radiatorlaryň, elektrik togunyň generatorlarynyň, suw we ýangyç gaplarynyň, gyş eşikleriniň, ýorag-düşekleriň we beýleki zatlaryň bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG