Sepleriň elýeterliligi

Pakistan "Talybany" YD-ny goldaýar


Pakistanyň «Talyban» topary 4-nji oktýabrda Siriýadaky we Yrakdaky YD toparynyň hatarynda söweşmek üçin söweşiji ibermegi wada berdi.

2007-nji ýylda döredilen we «Al-Kaýdanyň» resmi ýarany bolan «Tehrike-Talybanyň» sözçüsi Şahidulla Şahid habar guramalaryna iberen hatynda ähli jyhadçy guramalary Ýakyn Gündogarda uly gowulyk üçin birleşilýänçä söweşmäge çagyrdy.

Şahid Fransiýanyň AFP habar gullugyna telefonda beren gürrüňinde öz toparynyň şu wagta çenli bu regiona 1 müňden 1.5 müňe çenli söweşiji iberendigini aýtdy.

«Biz YD söweşijilerine kömek üçin mujahetdin ibermegi dowam etdireris, biz olary doly goldaýarys” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG