Sepleriň elýeterliligi

Bolgariýada parlament saýlanýar


Bolgariýalylar 5-nji oktýabrda täze parlamenti saýlamak üçin ses bermäge başladylar.

Bu saýlaw sosialistleriň ýolbaşçylygyndaky hökümet iýulda işden çekilenden soň geçirilýär.

Ozalky janpena Boýko Borisow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän merkez sagçy GERB partiýasynyň ýeňmegine garaşylýar, emma ol köplügi almakdan kelte gaýdar öýdülýär.

Ýewropa Komissiýasy Bolgariýanyň Orsýetiň Günorta akym proektinden çykmagy üçin basyş görkezýär we bu iş togtady. Borisow özüniň Günorta akymy diňe ÝB tassyklan ýagdaýynda dowam etdirjegini aýdýar.

Emma sosialistler bu proekti islendik ýagdaýda amala aşyrmak isleýärler.

XS
SM
MD
LG