Sepleriň elýeterliligi

“Türkmeniň adyny tanatmak isleýärin”


Häzirki wagt Moskwada ýaşaýan owganystanly etnik türkmen aýdymçysy Razak Hamedi.

Häzirki wagt Moskwada ýaşaýan owganystanly etnik türkmen aýdymçysy Razak Hamedi.

Soňky günlerde Owganystanda türkmen aýdymçysy Razak Hamediniň “Gel bäri bäri” atly aýdymy uly meşhurlyga eýe bolup başlady. Daşkentde ýazga düşürilen klibiň çykanyna 2 aý hem bolmanka, bu aýdym Owganystanyň telekanallarynda iň köp tomaşa edilýän klipleriň biri boldy.

Asly owganystanly etnik türkmenlerden bolan Hamedi häzirki wagt Moskwada ýaşaýar. Biz Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Razak Hamedi bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada gürrüň etdik.

Şeýle-de, gepleşigimizde Aşgabatda täze açylan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti barada paýtagtdaky habarçymyz Myrat Gurban bilen geçiren söhbetdeşligimizi diňläp bilersiňiz. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Garaýyşlaryňyza, bellikleriňize teswir bölüminde garaşýarys.

XS
SM
MD
LG