Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyýnyň ýarany gaçybatalga soraýar


Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyýnyň ýakyn ýarany Britaniýada syýasy gaçybatalga ýüz tutdy.

Nawalnyýnyň korrupsiýa garşy fondunyň ýerine ýetiriji direktory Wladimir Aşurkow bu bardaky kararyny 6-njy oktýabrda özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasyndan mälim etdi.

Geçen ýyl öňki bankir Aşurkow Moskwanyň şäher häkimligi saýlawlary döwründe Nawalnyýnyň kampaniýasyny maliýeleşdirmäge kömek edipdi. Şeýle-de, ol Russiýanyň ýokary elita gatlagynyň arasyndaky korrupsiýany paş etmegi üçin Nawalna ýardam beripdi.

Russiýanyň “Izwestiýa” gazeti bankiriň syýasy gaçybatalgasy barada maglumat çap edensoň, Aşurkow bu barada köpçülige mälim etdi.

Iýun aýynda Russiýanyň Derňew komiteti Aşurkowyň tussag edilmegi barada karar çykaryp, şeýle-de Kremliň tankytçysynyň beýleki iki ýaranyny Nawalnyýnyň Moskwanyň şäher hakimligine dalaşgärligini maliýeleşdirmek bilen ilteşikli bidüzgünçilikde aýyplapdy.

XS
SM
MD
LG