Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Özbek komandiri öldürildi


Pakistanyň resmileri pilotsyz uçarlaryň söweşijileriň birikmesine amala aşyran howa zarbasy netijesinde bäş söweşijiniň, şol sanda ýokary derejeli özbek komandiri diýlip atlandyrylýan adamyň öldürilendigini habar berýärler.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran Pakistanyň howpsuzlyk resmileri Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlary Günorta Waziristanyň Şawal etrabyndaky türgenleşik lagerine iki raketany uçurdy diýdiler.

Pakistanyň aňtaw gullugynyň resmileri öldürilen bäş söweşijiniň aslynyň Özbegistandandygyny aýdyp, hüjümde ýaralanan beýleki üç adamyň şahsyýeti barada häzirlikçe anyk maglumatyň ýokdugyny mälim etdiler.

Demirgazyk Waziristan sebitini söweşijilerden arassalamak barada Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan birnäçe ýyllap edilen haýyşlardan soň, maý aýynda Pakistanyň hökümeti gürrüňi gidýän regionda harby operasiýalaryny başladypdy. Pakistanyň armiýasy şol operasiýalarda 1 müňden gowrak söweşijiniň öldürilendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG