Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medisina boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy


Medisina boýunça Nobel baýragynyň şu ýylky eýeleri John O'Keefe hem-de norwegiýaly är-aýal May-Britt Moser we Edvard Moser boldy.

Şwesiýanyň Karolinska institutyndaky Nobel assemblýasynyň berýän maglumatynda üç alym beýniň “daş-töweregimizdäki giňişligiň kartasyny nädip döredýändigini we çylşyrymly daşky-gurşawda nädip öz ýolumyzy dolandyryp bilýändigimizi” düşündirmäge ýardam berdi diýilýär.

Her ýyl Medisina boýunça Nobel baýragyyň eýeleri ilkinji bolup yglan edilýär. Bu baýrak bilen birlikde ýeňijilere 1,1 million amerikan dollary möçberinde pul sylagy hem gowşurylýar.

Nobel baýragy 1895-nji ýylda şwesiýaly senagatçy Alfred Nobel tarapyndan esaslandyrylypdy.

XS
SM
MD
LG