Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Ýüzlerçe websahypa petiklendi


Täjigistandaky internet ulanyjylary 5-nji oktýabrdan bäri ýurtda ýüzlerçe websahypa, şol sanda Facebook we YouTube saýtyna girip bolmaýar diýýärler.

Täjigistanyň Internet hyzmatlary bilen üpjün edýän assosiasiýasynyň başlygy Asomuddin Atoýew 6-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda azyndan 200 websahypa, şol sanda meşhur rus sosial ulgamlaryna girip bolmaýandygyny habar berdi.

Täjigistanyň metbugat serişdelerinde çykan habarlarda ýurduň internet ulgamyndaky bökdençlikleriň 10-njy oktýabrda täjik paýtagty Duşenbede protest çärelerini geçirmek hakynda oppozisiýanyň sosial ulgamlarda eden çagyryşlary bilen ilteşikli bolmagynyň mümkindigi ýazyldy.

Gürrüňi gidýän çagyryşlar sürgünlikdäki oppozisiýa lideri Umarali Kuwwatowyň “Group 24” atly guramasy tarapyndan ýaýradylypdy.

Täjigistanyň döwlet Aragatnaşyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Rafikjon Şokirow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda öz gullugy tarapyndan “ýurtdaky islendik websahypany petiklemek barada hiç hili tabşyrygyň berilmändigini” mälim etdi.

XS
SM
MD
LG