Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Russiýa bilen “konstruktiw” gatnaşyklary isleýär


NATO-nyň täze başlygy agzalýan birleşigiň gündogar Ýewropadaky agza ýurtlarynyň goranyşyny güýçlendirmek baradaky ädimlere garamazdan, Russiýa bilen “konstruktiw” gatnaşyklary isleýändigini aýtdy.

Bu barada geçen hepde öz wezipesine başlan NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 6-njy oktýabrda “Gazeta Wyborsza” atly neşirinde çap bolan interwýusynda belleýär.

“Güýçli NATO-nyň Russiýa bilen konstruktiw gatnaşyklary gurmagynyň arasynda hiç hili gapma-garşylyk ýok” diýip, Stoltenberg nygtaýar.

Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly NATO bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar ýiti dartgynlylaşypdy.

XS
SM
MD
LG