Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet internetden çykyp bilermi?


Orsýetiň interneti mümkin petiklemegine garşy protest aksiýasy, Moskwa, 1-nji oktýabr, 2014.

Orsýetiň interneti mümkin petiklemegine garşy protest aksiýasy, Moskwa, 1-nji oktýabr, 2014.

Islän wagtynda internedi öçürmek her bir diktatoryň arzuwydyr. Emma muny iş ýüzünde etmek mümkinmi?

Orsýetiň Milli Howpsuzlyk Geňşinde eden çykyşynda prezident Wladimir Putin Kremliň internet elýeterliligini çäklendirmegi ýa-da ony doly döwlet gözegçiligine almagy planlaşdyrmaýandygyny nygtady.

Şol bir wagtda-da häkimiýetler internet howpsuzlygyny güýçledirmek we ekstremizmi, jynsparazlygy, terrorçylygy we çaga pornografiýasyny wagyz edýän saýtlary ýapmak boýunça goşmaça çäre gördi.

Putiniň kommentarileri Orsýetde başgaça pikilenýänlere basyşlaryň we ýurduň Günbatar bilen Ukrainadaky konfliktiň üstündäki dartgynlylygyň dowam edýän döwründe çäklendirmeleriň boljagy ýa-da Orsýetiň internetden çykjagy baradaky çaklamalaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

30-njy sentýabrda Kreml Orsýet “öňünden çak edip bolmaýan partnýorlarymyz bizi internetden çykarmak kararyna gelen ýagdaýynda goranmak çäreleriniň üstünde işleýär” diýip, döwlet tarapyndan göz öňünde tutulýan mümkin bolan güýçli gözegçilk çärelerini ýaňzytdy.

Moskwanyň isleglerine garamazdan, Orsýet ýa-da ilslendik başga bir döwlet üçin internetden çykmak näderejede mümkin? Meselä birnäçe tarapdan seredip bolar:

Interneti öçürmek aňsatmy?

Interneti öçürmek ýurtlar üçin aňsatmy? Şeýle synanyşyklaryň edilmegine mysallar barmy?

Müsür 2011-nji ýylda ”Arap bahary” diýlip atlandyrylan protestleriň dowamynda interneti bäş günlük ýapypdy. Siriýada internet 2011-nji ýyldan bäri üç gezek öçürildi. Nepal we Mýanma interneti tiz-tizden öçürýärler. Hytaý Uýgurlaryň Sintzýan regionynda 2009-njy ýylda interneti öçüripdi.

Emma interneti öçürmek ýurduň içerki prowaýder gulluklarynyň sanyna we olaryň ýurduň daşyndan satyn alýan aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edýän prowaýderlerine bagly diýip, internet kompaniýalarynyň önümçiligi boýunça Dyn atly kompaniýanyň baş alymy Jim Kowiýe aýtdy.

Orsýetiň prezidenti W.Putin

Orsýetiň prezidenti W.Putin

Bu zatlaryň köpüsi hökümetleriň ýurdy internetden kesmek işini kynlaşdyrýar.

Müsürde şeýle aragatnaşyk ugurlarynyň 10-sy bar, Siriýada - diňe ikisi. Bu bolsa bu ýurtlaryň hökümetleriniň internedi kesmek işini aňsatlaşdyrýar.

Orsýetiň aýratynlygy

Bu işi Orsýetde kynlaşdyýan ýa-da aňsatlaşdyrýan aýtratynlyklar barmy?

Orsýet daşky dünýä bilen aragatanaşyk meselesinde Siriýa ýa Müsür ýaly kynçylyk çekmeýär. Bu ýurtda ýurduň daşyndan aragtanaşyk hyzmatlaryny satyn alýan 300 çemesi kärhana bar, diýip Kowie belleýär.

Orsýetiň hökümeti ýurdy internetden doly üžňeleşdirmek üçin bu kompaniýalaryň ählisini ýapylmaga mejbur etmeli bolar. Bu edilip bilner, emma uzaga çeker we has köp işi talap eder.

Orsýetiň Internedi doly ýapmakdan başga internedi çäklendirmek ugrunda ýene nähili mümkinçilikleri bar?

Interneti ýapmakdan daşary ony mazmun taýdan seljeribem çäklendirip bolýar.

Orsýet eýýäm ençeme oppozision saýtlary petikledi we bloggerleriň registrasiýa edilmegini talap edýän kanuny kabul etdi.

Şeýle-de Moskwa daşary ýurtly internet şirketleriniň ýurduň kanunlaryna laýyklykda işlemelidigini duýdurdy. Bu barada ”Roskomnadzor” şirketiniň

Facebook, Twitter we Google ýaly iri kompaniýalara duýduryş hatyny ýollandygyny “Izwesiýa” neşiri habar berdi.

Şeýle-de Orsýetiň hökümeti intenedi käbir regionlarda we şäherlerde petikläp biler diýip, Kowie aýtdy. 1990-njy ýyllarda birnäçe maýda böleklere bölünen Orsýetiň tellekomunnikasion ägirdi “Rostelekom” ýene birleşdi, bu bolsa intenedi kesmek işini aňsatlaşdyrýar.

Ulanyjylar näme etmeli?

Internediň öçürilen ýa-da gözegçilik astyna alnan ýagdaýynda ulanyjylar näme etmeli?

Eger-de mobil operatorlar öz işini dowam etdirmäge ukyply bolsalar, onda ulanyjylar öz stmartfonlaryndaky 3G intenetden peýdalanyp bilerler..

Halkara telefon liniýasy arkaly analog internet hyzmatlary-da, has gymmat we haýal bolmagyny garamazdan, internetden peýdalanmak üçin goşmaça mümkinçilik bolup biler.

Ýewropanyň aragatnaşyk prowaýderleri 2011-nji ýylda Müsürde internediň kesilen döwründe öz hyzmatlaryny teklip edip, Müsüriň IPS aragatnaşygy işlemedik döwründe aragatnaşyk bilen üpjün edipdi.

Internediň doly kesilmedik ýagdaýynda onuň mazmunyna gözegçilik edilmeginden we çäklendirilmeginden saplanmagyň usullary hem bar. Islendik maglumat siziň kompýuteriňizden oppozision websaýtlara göni barmagyň ýerine dürli serwerleriň ençemesiniň üstünden syýahat edýär we soňunda barjak ýerine ýetýär.

XS
SM
MD
LG