Sepleriň elýeterliligi

Kürtler Kobane ugrunda söweşýär


ABŞ-nyň howa güýçleriniň B-1B kysymly bombalaýjy uçary, Yrak, 27-nji sentýabr, 2014

ABŞ-nyň howa güýçleriniň B-1B kysymly bombalaýjy uçary, Yrak, 27-nji sentýabr, 2014

Kürt söweşijileri ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan howa hüjümleriniň goldawyna daýanyp, 5-nji oktýabrda Siriýanyň serhetýaka Kobane şäheri ugrunda “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy söweşdiler.

Ýekşenbe güni agşam “YD” söweşijileriniň Kobaneniň daşynda strategiki taýdan ähmiýetli depäniň bir bölegini eýeländigi, emma howadan edilen hüjümleriň netijesinde olaryň basyşlarynyň haýallandygy barada habar berildi.

Şäher ugrunda söweş

Kobaneniň ýerli resmisi Idris Nahsen “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň şäherden diňe bir kilometr uzaklykda bolandygy sebäpli, howa hüjümleriniň olaryň öňüni almak üçin netijeli bolmandygyny belledi.

Ol koalisiýanyň we kürt söweşijileriniň arasyndaky koordinasiýanyň ýetmezçiliginden zeýrendi.

Siriýada Adam hukuklaryna gözegçilik boýunça Londonda ýerleşýän gurama kürt aýal söweşijisiniň Kobaneniň gündogarynda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň pozisiýasynyň golaýynda özüni öldürendigini habar berdi.

Türkiýe bilen serhede golaý ýerde ýerleşýän Kobane “Yslam döwletine” garşy halkara göreşiniň gyzgalaňly ýerine öwrüldi.

ABŞ-nyň Merkezi harby ýolbaşçylygynyň beýannamasyna görä, ABŞ-nyň harbylary Siriýada 4-nji oktýabrda howadan üç sany zarba urupdyr, şol bir wagtyň özünde-de söweş uçarlarynyň, bombalaýjy uçarlaryň we dikuçarlaryň gatnaşmagynda 5-nji oktýabrda “Yslam döwletine” garşy Yrakda alty sany hüjüm edilipdir.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama ýerli çeşmelere salgylanyp, 4-nji oktýabrda bolan söweşlerde azyndan “Yslam döwletiniň” 33 sany söweşijisiniň we şäheriň 23 sany kürt goraýjysynyň wepat bolandygyny aýtdy.

“Yslam döwleti” 16-njy sentýabrda Siriýanyň Türkiýe bilen uly serhedini öz gözegçiligine almak maksady bilen Kobane şäherini basyp almak ugrunda söweşe başlapdy.

Söweşler ýerli ýaşaýjylaryň öz öýlerini terk etmegine sebäp boldy, 186 müňe golaý adamyň Türkiýä gaçyp çykandygy aýdyldy.

Halkara göreşi

Ekstremistik sünni musulman topary bolan “Yslam döwleti” Siriýanyň we Yragyň uly böleklerini basyp aldy we iýun aýynda ol ýerlerde “halyfat” döwletini yglan etdi.

Bu ýaragly topar adamlary köpçülikleýin jezalandyrmak, adam ogurlamak, gynamak we zenanlary gulçulyga salmak ýaly wagşyçylykly hereketleri amala aşyrmakda aýyplanýar.

ABŞ awgust aýynda Yrakda “Yslam döwletine” garşy howadan amala aşyran ilkinji hüjümlerinden soň bu göreş boýunça ýaranlaryň koalisiýasyny döretdi.

Britaniýa we Fransiýa Yrakdaky howa hüjümlerine goşuldy, bäş arap döwleti Bahreýn, Iordaniýa, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri Siriýadaky söweşlere gatnaşýarlar.

Türkiýäniň parlamenti bu kampaniýa öz hökümetiniň hem goşulmagyny geçen hepdede makullady, emma harby hereketler boýunça planlar yglan edilmedi.

XS
SM
MD
LG