Sepleriň elýeterliligi

Global pikir soralyşyk: ýewreýleri halaýanlar we halamaýanlar


ADL-yň "Global 100-lik: Antisemitizm görkezijisi" atly pikir soralyşygy 102 ýurtda 53100 adamyň arasynda geçirilipdir.

ADL-yň "Global 100-lik: Antisemitizm görkezijisi" atly pikir soralyşygy 102 ýurtda 53100 adamyň arasynda geçirilipdir.

Antidefamasiýa ligasy (Anti-Defamation League - ADL) guramasy bütin dünýäde antisemit, ýa-da basgaça aýdylanda ýewreýlere ýa-da musaýylara garşy garaýyşlar babatda geçirilen henize çenli deňi-taýy bolmadyk pikir soralyşygynyň netijelerini aýan etdi.

ADL-yň "Global 100-lik: Antisemitizm görkezijisi" (Global 100: Index of anti-semitism) atly pikir soralyşygy 102 ýurtda 53100 adamyň arasynda geçirilipdir.

Guramanyň bildirmegine görä, pikir soralyşygyň esasy maksady bütin dünýäde antiýewreý ýa-da antimusaýy duýgularyň ýeten derejesini we ýitiligini barlamaklyk bolupdyr.

Her dört adamdan biri ýewreýlere garşy garaýşa eýe

Pikir soralyşygyň netijeleri ýewreýlere garşy pikirleriň bütin dünýäde gaty güýçlüdigini we geriminiň hem giňändigini äşgär edipdir.

Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň bütin dünýä boýunça 1 milliard 900 müň adama wekilçilik edýändigi nygtalýar we olaryň ýüzden 26 böleginiň, ýagny her dört adamdan biriniň gaty güýçli antimusaýy garaýşa eýedigi bildirilýär. Şol ýüzden 26 bölege degişli adamlar ýewreýlere garşy edilýän hereketler babatdaky 11 sowalyň 6 sanysyna "gaty dogry edýärler" diýen görnüşde jogap beripdir.

Aýdylyşyna görä, ADL guramasynyň antiýewreý garaýyşlary kesgitlemeklik üçin taýýarlan şol 11 sowaly bolsa ABŞ-da soňky 50 ýyllykda geçirilen pikir soralyşyklaryň soraglaryndan emele gelipdir.

ADL guramasynyň milli müdiri Abraham H. Foksmeniň bellemegine görä, pikir soralyşygyň netijeleri antiýewreý garaýşyň ýurtma-ýurt nähili görnüşde ýaýrandygyny hem äşgär edipdir. Onuň aýtmagyna görä, ýewreýlere garşy ýigrenjiň ýaýran ýurtlarynyň arasynda, umuman alnanda, ýewreýleriň asla ýaşamaýan ýurtlary hem bar.

Habar berlşine görä, Nýu-Ýorkly diplomat Leonard Sterniň haýyr-sahawat kömegi netijesinde durmuşa geçirilen şeýle pikir soralyşyk bütin dünýäniň ilatynyň ýüzden 88 böleginiň ýaşaýan esasy 7 regionynda gurnalypdyr.

Gazadan Laosa çenli

Pikir soralyşygyň netijelerine görä, oňa gatnaşan ýurtlardaky ýagdaýy görkezýän grafika hem taýýarlanypdyr. Şol grafikada dünýä döwletlerine antiýewreý garaýşyň az we köp ýaýranlygyndan ugur alyp, orun berlipdir. Meselem, grafikadan belli bolşuna görä, Laosda halkyň diňe ýüzden 0,2 böleginde antiýewreý garaýyş bar. Garaýşyň iň ýokary paý alýan ýeri bolsa Iordan çaýynyň günbatary we Gazanyň araçägidir. Ol ýerde antiýewreý garaýyşlaryň ýaýrawynyň derejesi ýüzden 93-e deň.

ADL guramasynyň milli ýolbaşçysy Kartiss Laşeriň aýtmagyna görä, antisemitizmiň ýewreýleriň ýaşamaýan käbir ýurtlarynda hem ýaýrawynyň giň bolmagy gaty geň netijedir. Ol häzirki pikir soralyşygyň netijelerini, hökümetleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň hökman göz öňünde tutmalydygyny belleýär.

Munuň bilen bir hatarda ADL guramasynyň pikir soralyşygynda käbir oňaýly netijeler hem ýüze çykypdyr. Meselem, iňlis dilinde gepleşýän ýurtlarda antiýewreý garaýyşlaryň ýaýrawy ýüzden 13, ýagny bu dereje umumy ýaýrawdan gaty azdyr. Hristian protestantizminiň ýaýran ýurtlarynda bolsa antisemitizmiň derejesi başga dinlerdäki ýurtlara garalanda has pesdedir.

Şonuň ýaly-da, pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýüzden 28 bölegi ýewreýler (musaýylar) barada öňe sürülýän garaýyşlar boýunça 11 sowalyň hiç biri bilen ylalaşmandyr.

Antiýewreý garaýyşlary aňladýan 11 sowal

Ýurtlarda antisemitizmiň ýaýrawy şeýle garaýşy ýaňzydýan 11 sowal bilen kesgitlenipdir. Şeýle 11 garaýyşdan 6 sanysynyň dogrudygy bilen ylalaşýan ýurtlar ýewreýlere garşy bolanlaryň toparyna degişli edilipdir.

Pikir soralyşygynyň ýene bir geň tarapynyň biri bolsa oňa gatnaşanlaryň ýüzden 54 böleginiň Holokost barada hiç zat bilmeýänligidir. Diýmek, her üç adamdan biri Holokost hakynda ýa hiç zat eşitmändir ýa-da munuň bilen baglanyşykly özüniň ýeterlik maglumata eýe däldigine ynanýar.

Ýewreýler ýa-da musaýylar barada iň ýaýrawly nädogry garaýyş ýa-da stereotip, ynha şulardan ybarat: "Olar Ysraýyla öz ýaşaýan ýurdundan has wepalydyr". Pikir soralyşyga garnaşanlaryň ýüzden 41 bölegi bu garaýyş bilen "gaty dogry" diýip, ylalaşypdyrlar.

Ýene bir garaýyş hem, ynha şeýle: "Ýewreýler biznes dünýäsinde esasy häkimýete eýe". Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýüzden 35 bölegi şeýle garaýşa ynanýar we bu garaýşyň iň köp ýaýran ýeri Gündogar Ýewropa ýurtlary.

Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýüzden 74 bölegi ömründe ýewreýe hiç duş gelmändigini aýan edenem bolsa, olaryň ýüzden 25 bölegi, muňa garamazdan, antiýewreý garaýşa eýedir.

Pikirini beýan eden her 10 adamdan 3 sanysy, ýa-da umumy sanyň ýüzden 30 bölegi, ýewreýleriň bütin dünýäniň ilatynyň ýüzden 1 böleginden 10 bölegine çenli ilaty emele getirýändigine ynanýarlar. Toparyň ýüzden 18 bölegi bu sanyň ýüzden 10-dan hem geçýändigini belläpdir. Aslynda bolsa ýewreýler bütin dünýäniň ilatynyň 0,19 bölegini emele getirýär.

Antimusaýy sebitler barada

Antiýewreý ýa-da antimusaýy garaýşa eýe bolanlaryň aglaba bölegi diýen ýaly Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitlerinde ýaşaýanlar bolup durýar. Ýewreýler barada öňe sürülýän 11 garaýşyň dogrudygyna ynanýanlaryň ýüzden 74 bölegi, ynha, şol sebitlerde ýaşaýanlar. Bu sebitlerden başga ýurtlarda ýaşaýanlaryň ýüzden 23 bölegi hem şeýle garaýyşlary kabul edýär. Antimusaýy garaýyşlary bolan sebitler öz arasynda şeýle toparlara bölünipdir:

Gündogar Ýewropa: ýüzden 34

Günbatar Ýewropa: ýüzden 24

Demirgazyk Afrika: ýüzden 23

Aziýa: ýüzden 22

Amerika materigi : ýüzden 19

Okeaniýa: ýüzden 14

Ýurtlar we dinler boýunça hem antiýewreý garaýşynyň derejesi kesgitlenipdir. Owaldan bolşy ýaly, käbir protestant hristian - Daniýa (9%), Gollandiýa (5 %), Britaniýa (8%) ýaly ýurtlarda antimusaýy garaýyşlary gaty az ýaýrawly. Skandinawiýa ýurtlarynda bolsa şeýle garaýyş ýok diýen ýaly. Ýöne, muňa garamazdan, Fransiýada (37%) antimusaýy garaýyşlar has ýaýrawlydyr.

Pikir soralyşygyň aýan etmegine görä, prawoslaw hristian ýurtlarynda antisemitizm protestant ýurtlardaka garalanda has aç-açan ýaýran

Gündogar Ýewropada iň az antiýewreý garaýşa eýe ýurt Çehiýadyr (13%). Deňeşdirmek üçin mysal getirilse, onda Polşada bu san ýüzden 45 derejede.

Hristian ýurtlarynyň arasynda antiýewreý garaýyşlaryň iň ýokary derejä eýe bolan ýurdy Gresiýa (69%) hasaplanýar.

Pikir soralyşyk hoşniýetlilik miflerini ýok edýär

Antimusaýy garaýyşlar musulman ýurtlarynda has giňden ýaýran. Yrakda halkyň ýüzden 92, Ýemende 88, Alžirde 87, Liwiýada 87, Kuweýtde 82 bölegi ýewreýlere garşy garaýyşlara eýe. Antisemitizm garaýyşlary Türkiýede (69%) we Eýrandaky (56%) bilen deňeşdirilende has ýokary derejededir.

Pikir soralyşygyň netijelerinde ýene bir geň galdyrýan ýagdaý hem Ýakyn Gündogar sebitinden daşarky musulman ýurtlarda antimusaýylygyň has az ýaýranlygydyr. Azerbaýjanda hem ýagdaý şeýle bolup, Azerbaýjanda antimusaýylyk ýüzden 37 prosent derejesindedir.

Bu Gürjüstandaky (32%) derejeden has köp, Ermenistandakydan (58%) bolsa azdyr. Şeýlelikde Ysraýyl bilen hyzmatdaş hasaplanýan we ýewreýler bilen bolan gowy gatnaşyklary babatda öwünýän Azerbaýjan, dünýä boýunça görkezjiler hasaba alynmasa, iň bärkisi Günorta Kawkazda-da ýewreýlere iň hoşniýetli garaýan ýurt däldir.

Russiýada we Moldowada bu san 30, Gazagystanda 32, Belarusda we Ukrainada, edil Litwada bolşy ýaly, ýüzden 38 derejededir.

XS
SM
MD
LG