Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz talyby söweşijilere goşuldy


Gyrgyzystanyň resmileri ýurduň günortasyndaky Oş regionynda lukmançylyk ugrundan ýokary bilim alýan 19 ýaşyndaky talybyň häzirki wagt Siriýada “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň hatarynda “söweşýändigini” habar berýärler.

Oş regional polisiýasynyň 6-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, ady köpçülige mälim edilmeýän gyz talyp iýul aýynda Türkiýeden Siriýa sapar edipdir.

Bu waka barada Gyrgyzystanyň regional ýolbaşçylary derňewleri başlatdylar.

Oş regional polisiýasynyň başlygy Suiun Omurzakowyň (Suiun Omurzakov) aýtmagyna görä, jyhadçy toparlar Siriýada şepagat uýasy bolup işlemegi üçin Oşyň lukmançylyk mekdebinden gyz talyplary işe çekýärler. Jyhadçy toparlar talyplara ýokary aýlyk hakyny wada berip, olaryň Türkiýäniň üsti bilen Siriýa sapar etmegini planlaşdyrýarlar, diýip Omurzakow belleýär.

Gyrgyz ýolbaşçylary işe çekilenleriň aglabasynyň Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy söweşen yslamçy toparlaryň agzalary bolan gyrgyz raýatlarydygyny aýdýarlar.

Häzirki wagt Gyrgyzystanyň resmileri Siriýada “Yslam döwleti” atly toparyň ýa-da “Al-Kaýda” hereketiniň “Al-Nusra frontunyň” düzüminde 150 çemesi gyrgyz raýatynyň söweşýändigini çaklaýarlar.

XS
SM
MD
LG