Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy


Fizika boýunça Nobel baýragynyň şu ýylky eýeleri ýaponiýaly Isamu Akasaki, Hiroşi Amano we Şuji Nakamura boldy.

Alymlara baýrak bilen bir hatarda 1,1 million amerikan dollary möçberinde sylag hem gowşuryldy.

7-nji oktýabrda Nobel komiteti gürrüňi gidýän alymlaryň alyp baran işi energiýany tygşytlaýan ak yşyk çeşmelerini gündeki durmuşda ulanylýan enjamlarda, şol sanda smartfonlarda peýdalanmaga mümkinçilik döretdi diýdi.

Nobel baýragy 1895-nji ýylda şwesiýaly senagatçy Alfred Nobel tarapyndan esaslandyrylypdy.

XS
SM
MD
LG