Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Kobanide çaknyşyklar boldy


7-nji oktýabrda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri bilen siriýaly kürt söweşijileriň arasynda Kobani şäheriniň köçelerinde çaknyşyklar boldy. Bu waka sünnileriň liderligindäki “Yslam döwleti” atly ekstremist topar Siriýanyň serhedinde ýerleşýän Kobani şäheriniň gündogar tarapyndaky strategik ýerleri ele salandan bir gün soň boldy.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Kobani şäheriniň üç tarapyndaky çetki ýerleri we birnäçe binany ele salyp, kürt şäheriniň günorta we günbatar eteklerine aralaşdy. Siriýanyň Kobani şäheri demirgazykda Türkiýe bilen serhetleşýär.

Habarçylaryň berýän maglumatyna görä, türk harby güýçleri kobanili kürt ýaşaýjylaryň şäheriň demirgazyk tarapyndan Türkiýäniň günorta-gündogaryna gaçyp girmeginiň öňüni alýar.

Wakalara şaýat bolanlar Birleşen Ştatlaryň liderligindäki halkara koalisiýanyň uruş uçarlarynyň birnäçe sagatlap Kobaniniň üstünden uçan pursady eşidilýärdi diýýärler. Daň atmazyndan gysga wagt öň, halkara koalisiýanyň uruş uçarlary şäheriň gündogar we günorta-gündogar etegine howa zarbalaryny amala aşyryp başlady, diýip waka şaýat bolanlar belleýär.

XS
SM
MD
LG