Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Bäş söweşiji öldi diýilýär


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlary tarapyndan amala aşyrylan raketa hüjüminde söweşiji diýlip güman edilýän azyndan bäş adam öldürildi.

Pakistanyň howpsuzlyk resmileriniň berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän hüjüm 7-nji oktýabrda Günorta Waziristan tire-taýpalar regionynyň Şawal sebitinde amala aşyrylypdyr.

5-6-njy oktýabrda gürrüňi gidýän sebitde amala aşyrylan şuňa meňzeş raketa hüjüminde hem, söweşiji diýlip güman edilýän 10 çemesi adam öldürilipdi.

Iýun aýynda Pakistanyň harbylary Demirgazyk Waziristany “Pakistanyň Talyban” hereketinden we beýleki pitneçi toparlardan arassalamak maksady bilen operasiýalary başladypdy. Pakistanyň armiýasy bu operasiýalar döwründe 1 müňden gowrak söweşijiniň öldürilendigini, şeýle-de 100 çemesi esgeriň heläk bolandygyny aýdýar. Emma bu maglumatlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

XS
SM
MD
LG