Sepleriň elýeterliligi

“Agyz suwuny satyn alýarys”


Ýaşaýjylar suw boçkalaryny doldurýarlar.

Ýaşaýjylar suw boçkalaryny doldurýarlar.

“Nature” žurnalynyň soňky maglumatlarynda, Türkmenistan Aziýada suwy bisarpa ulanýan ýurtlaryň iň başynda bellenildi. Maglumata görä, Türkmenistanda her ýyl adam başyna 5,5 müň kubometr suw sarp edilýär.

Şol bir wagtyň özünde Daşoguz welaýatynda bolsa, agyz suwunyň şordugy sebäpli käbir ýaşaýjylar içer suwuny satyn alýar diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar. Daşoguz welaýatyndan pensioner zenan Mähriban agyz suwunyň ýaramazlygy zerarly käbir ýaşaýjylaryň dürli aşgazan kesellerine uçraýandygyny belleýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa 57 ýaşyndaky pensioner zenan Mähriban bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG