Sepleriň elýeterliligi

Meniň durmuşymda ýatdan çykmajak köçe...


Köçe.

Köçe.

Her adamyň öz durmuşynda dürli ýatlamalary bolýar. Olardan birem köçe ýatlamalarydyr. Köçe ýatlamalarynyň dürli görnüşleri bolup bilýär.

Bu babatda şol köçäniň ugrunda geçiren ilkinji söýgi duşuşygy, şol köçede satylýan horaz süýjüsi, kitap dükanlary, belkem şol köçede her gün agşamara gezelenje çykýan adamlaryň üýşmeleňi ýa-da şol köçe bilen baglanyşykly durmuşyňyzda yz galdyran beýleki wakalar hakynda gürrüň etmek mümkin.

Siziň durmuşyňyzda iň ýatdan çykmajak köçe haýsy we näme üçin? Şol köçe siziň durmuşyňyzda nähili yz galdyrdy?

Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy, ýatlamalaryňyzy biziň gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Şeýle-de, biziň Facebook we Twitter sosial ulgamlaryndaky sahypalarymyzdan hem peýdalanyp bilersiňiz. Adresimiz: Taze Tolkun.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG