Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Täjigistana çagyryş etdi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Täjigistanda websahypalaryň petiklenmegi adam hukuklarynyň esaslaryna “howp salýar” we depeleýär diýdi.

7-nji oktýabrda ýaýradylan beýanatda ÝHHG-nyň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (Dunja Mijatovic) täjik ýolbaşçylaryna ýurtda çäklendirilmedik internet hyzmatyny üpjün etmäge çagyryş etdi.

“Soňky birnäçe aýyň dowamynda Täjigistanda websahypalaryň yzygiderli petiklenmegi aladalandyryjy we howsalaly tendensiýadyr. Aladalandyryjy şuňa meňzeş ädimler maglumat almak we ýaýratmak ýaly adam hukuklarynyň esaslaryna we metbugat azatlygyna wehim salýar” diýip, Miýatowiç öz beýanatynda belleýär.

5-nji oktýabrdan bäri Täjigistanyň çäginde ýüzlerçe websahypa, şol sanda Facebook, YouTube saýtlaryna we meşhur rus sosial ulgamlaryna girip bolmaýar.

Gürrüňi edilýän websahypalar “Group 24” atly oppozision hereket 10-njy oktýabrda Duşenbede hökümete garşy protestleri geçirmek barada sosial ulgamlarda çagyryş edensoň petiklendi.

XS
SM
MD
LG