Sepleriň elýeterliligi

Rus ýetginjegi ABŞ-da gaçybatalga soraýar


ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky alyş-çalyş okuw programmasyny tamamlap ABŞ-da galan rus ýetginjegiň aklawçysy öz müşderisiniň gomoseksual bolany sebäpli Russiýada yzarlanmalardan aladalanýandygy üçin Birleşen Ştatlarynda syýasy gaçybatalga soraýandygyny aýtdy.

“Ol öýüne dolanmaga gorkýar. Şonuň üçin ol Birleşen Ştatlarynda galmak barada karara geldi” diýip, Miçigandaky immigrantlaryň hukuklary boýunça merkeziň aklawçysy Susan Reed aýtdy.

17 ýaşyndaky rus ýetginjek 2012-2013-nji okuw ýyllary arasynda “FLEX” okuw programmasyna gatnaşyp, okuwyny tamamlandan soň yzyna Russiýa dolanmady.

XS
SM
MD
LG