Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: “YD” dikuçary aşak gaçyrdy


Bagdadyň resmileri “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Baiji şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň golaýynda Yragyň harby dikuçaryny urup aşak gaçyrdy diýýärler. Yragyň demirgazygynda bolan bu wakanyň netijesinde dikuçardaky iki pilot öldi.

Bu soňky iki hepdäniň dowamynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan urlup aşak gaçyrylan Yragyň ikinji harby dikuçarydyr.

Yragyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, 8-nji oktýabrda ýurduň Baiji şäherinde Birleşen Ştatlarda öndürilen “Bell 407” kysymly dikuçary aşak gaçyrmak üçin söweşijiler eginden atylýan raketalary ulanypdyrlar.

Şeýlede, söweşijiler 3-nji oktýabrda Baiji şäheriniň golaýynda Russiýada öndürilen “Mi-35” kysymly dikuçary urup aşak gaçyrdylar. Şol wakada pilot we onuň kömekçisi öldi.

XS
SM
MD
LG