Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde bäş adam öldi


Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda amala aşyrylan bombaly ulag partlamasynda azyndan bäş adam öldi.

Owgan resmileriniň berýän maglumatyna görä, 8-nji oktýabrda amala aşyrylan hüjümde etrap polisiýasynyň öňki başlygy Abdulla Han (Abdullah Khan) nyşana alnypdyr.

Gürrüňi gidýän bombaly ulag Hanyň Laşkar Gah şäherindäki öýüniň golaýynda partladyldy. Bu wakada heläk bolanlaryň we ýaralananlaryň arasynda polisiýa ofiserleri we parahat ilatdan ýaşaýjylar bar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady, emma “Talyban” hereketi owgan howpsuzlyk güýçlerini we hökümet işgärlerini yzygiderli nyşana alýar.

XS
SM
MD
LG