Sepleriň elýeterliligi

Çäklendirilen Gurbanlyk


Gurbanlyk mynasybetli geçirilýän çärä getirilen talyplar

Gurbanlyk mynasybetli geçirilýän çärä getirilen talyplar

Adat boýunça, Türkmenistanda musulman dünýäsinde giňden bellenilýän Gurban baýramçylygynyň üç güni dynç günleri diýlip yglan edilýär. Bu ýyl Gurban baýramy 5-6-7-nji oktýabr günlerine gabat geldi. 5-nji oktýabr dynç güni we 6-njy oktýabr Matam güni bolansoň, prezidentiň karary bilen diňe 7-nji oktýabr dynç güni diýlip yglan edildi.

Elbetde, Gurban baýramynda adamlara dynç gününiň berilmegi olara baýramçylygy arkaýyn bellemäge mümkinçilik döredýär. Emma, resmi taýdan berilýän rugsada garamazdan, bu baýramçylyk mynasybetli döwlet derejesinde geçirilýän çäreler adamlara resmi rugsatdan doly peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär.

Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri çäre gutarýança gaýdyp bilmän, onuň ahyryna çenli oturmaly boldular.

Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri çäre gutarýança gaýdyp bilmän, onuň ahyryna çenli oturmaly boldular.

Adamlaryň Gurbanlyga bagyşlanyp geçirilýän çärelere mejbury gatnaşdyrylyp, emeli köpçüligiň, gyzyklanmanyň döredilmegi, hiňňillikleriň käbirleriniň golaýynda prezidenti mahabatlandyrýan aýdymlaryň aýtdyrylmagy ýaly ýagdaý baýramçylyk çärelerinde adata öwrülip barýar.

Resmi baýramçylyk çäreleri geçirilmeýän hiňňilliklerde hem prezidenti mahabatlandyrýan aýdymlaryň aýtdyrylmagynyň talap edilýändigi aýdylýar. Bu talap häkimiýetler tarapyndan edilýär.

Paýtagtyň merkezi raýonlarynda dikilen hiňňilliklerde baýramçylyk günleri Gurban baýramy mynasybetli geçirilýän çärelerde esasan bu ýere mejbury getirilen studentlerdir, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri agdykylyk edýär.

5-nji we 7-nji oktýabrda paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky hiňňilikdäki baýramçylyk konsertine üýşen adamlaryň hem aglabasy mejbury getirilen studentlerdi. Olary bu ýerde saklamak üçin okuw jaýynyň mugallymlary gözegçilik edýärdiler.

Sirkiniň öňünde gurnalan hiňňildik

Sirkiniň öňünde gurnalan hiňňildik

Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem çäre gutarýança bu ýerden gaýdyp bilmän, onuň ahyryna çenli oturmaly boldular. Olaryň çäreden gaçyp gitmezlikleri üçin ýolbaşçylary diňe çäre gutarandan soň, olaryň çärä gelendiklerini, gatnaşandyklaryny bellediler.

Paýtagtdaky Döwlet sirkiniň öňündäki geçirilen köpçülikleýin çärede hem edil şunuň ýaly ýagdaý bolup geçdi. Bu ýere getirilen mejbury tomaşaçylaryň hem köpüsi öz erki bilen bu ýere gelen adamlar däldi.

Hiňňilliklere barýan mejbury tomaşaçylar, esasan, bu ýerde gurnalýan konsertlere tomaşa edip, kähalatda hiňňilliklerde uçýarlar. Olaryň esasy etmeli işleri bu ýerde köpçülik sahnasyny döretmek.

Resmi çäreler geçirilýän bu hiňňilliklerde köp adam bolar ýaly paýtagtyň beýleki raýonlaryndaky käbir hiňňilliklerde uçmak gadagan hem edilipdir. Mysal üçin, ”Hitrowkadaky” Griboýedow köçesindäki hiňňilikde uçmak gadagan edilipdir. Ýogsa, bu hiňňillik uçmak üçin öňünden taýýarlanyp hem goýlupdy.

Paýtagtda dikilen hiňňildik

Paýtagtda dikilen hiňňildik

Şol bir wagtda, Gurban baýramynyň mejbury tomaşaçylarydyr, gatnaşyjylary 1948-nji ýylda wepat bolanlaryň Bekrewede geçen matam çärelerine hem gatnaşdyrylypdyrlar. Bu çärä gatnaşanlaryň köpüsi öýläne çenli şol ýerde bolmaly bolupdyrlar. Ylaýata-da bu çäräniň guramaçylyk işlerine dahylly bolanlar, gije sagat 2-lere şol ýere baryp, öýlän sagat 15-00-a çenli şol ýerde günlerini geçiripdirler.

Gurbanlygyň ahyrky üçünji güni hem, çäreler babatyndan aýdylanda, baýramçylygyň beýleki iki gününden onçakly tapawutly geçmedi. Paýtagtda bu baýramçylyk mynasybetli baýramçylyk köpçülikleýin çäreleri giç agşama çenli dowam etdi. Paýtagtyň merkezindäki hiňňillikleriň töweregi ýene-de mejbury tomaşaçylardan dolduryldy.

Gurban baýramy maşgala, garyndaşlyk we adamlaryň birek-birek bilen bolan gatnaşyklaryny berkidýän baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar. Gurban baýramynyň bellenýän günleri adamlar dogan-garyndaşlarynyň, goňşy-golamlarynyň öýlerine baryp, Gurbanlyk bilen gutlap, hödür edilýän tagamlary dadyp gaýdýarlar.

Emma köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur bolan adamlar baýramçylygyň bu lezzetlerinden mahrum bolýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda Gurban baýramy ýurduň resmi baýramçylyklar kalendaryna 1994-nji ýylda girizildi. Şondan öň bu baýramçylyk resmi däl ýagdaýda bellenilip, köplenç halatlarda häkimiýetler tarapyndan onuň bellenmegine çynlakaý päsgelçilikler döredil

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG