Sepleriň elýeterliligi

1960-njy ýyllardan tapawutlylykda häzirki döwürde Mekgä zyýarata gidýänler yslamyň iň mukaddes şäherinde onuň taryhyny görüp bilmeýärler.

Şeýle garaýşy asly Pakistanly bolan britaniýaly alym we ýazyjy, Birleşen korollygyň iň güýçli 100 intellektuallarynyň arasynda orun alýan Ziýauddin Sardar "The New Ýork Times" gazýetinde çap edilen makalasynda ýazypdyr.

Makalada aýan edilişine görä, indi Mekgäniň esasy ymaraty bolan Käbäniň ýerleşýän mukaddes metjidi ýok. Indi onuň üstüne abanyp duran 600 metr belentlikdäki Mekgäniň Korol sagat diňi - äpet ymaraty (Makkah Royal Clock Tower) bar. Ol äpet ymarat söwda merkezleri we barly adamlara hyzmat edýän myhmanhana toplumlary bilen bilelikde Mekgäniň döwrebap arhitekturasynyň nyşanyna öwrülipdir.

Disneýlend bilen Las-Wegasy goşupdyrlar

Ziýauddin Sardar muňa "Disneýlend bilen Las-Wegasy goşupdyrlar" diýip baha berýär. Onuň ýazmagyna görä, mukaddes şäheriň "goragçylary", ýagny Saud Arabystanynyň hökümdarlary taryhy şeýle bir ýigrenýärler welin, ähli zadyň täzeçe görünmegini isleýärler.

"Mecca Clock Tower"

"Mecca Clock Tower"

Alymyň bellemegine görä, 1970-nji ýyllarda Mekge dargadylmaga başlanan mahaly hut onuň özi munuň gözli şaýady bolupdyr. Şol wagt Muhammet pygamberiň zamanasyndan galan Bilal metjidi bilen bilelikde sansyz köp gadymy ymaratlar ýykylyp aýrylypdyr. Haşamly, owadan penjireli Osman imperiýasyndan galan öýleriň deregine döwrebap jaýlar salnypdyr.

Makalada beýan edilişine görä, az-kem taryhy ähmiýeti bolan dini ymaratlar hem ýaňy-ýakynda buldozer bilen ýykylypdyr. Ýazyjy alymyň sözlerine görä, "Mekgäniň Korol sagat diňi medeniýet we taryhy ähmiýeti bolan takmynan 400 ymaradyň harabalarynyň üstünde dikeldilipdir".

Onuň nygtamagyna görä, ymarat 1780-nji ýylda salnypdyr we Mekgäni basybaljylardan goraýan Asýad galasy ünsden düşürilip, Muhammet pygamberiň birinji aýaly Hatyjanyň öýi hem hajathana öwrülipdir. "Mekge Hilton" myhmanhanasy bolsa birinji halyf, ýagny dört çaryýarlaryň ilkinjisi Abu Bekiriň öýüniň üstünde gurlupdyr.

Pygamberiň öýüni ýykmak planlary

Taryhçy alymyň ýazmagyna görä, Käbeden başga Mukaddes metjidiň içinde diňe kiçeňräk bölekler taryhy galyndy bolup galypdyr. Olardan biri hem 16-njy asyrdan bäri Osman soltanlary tarapyndan gurdurylan we ýüzünde Muhammet pygamberiň egindeşleriniň atlary ýazylan mermer sütünlerdir.

Makalada: "Täze plana görä Mukaddes metjidiň ähli bölümleri bilen bilelikde şol sütünler hem söküljek we olaryň ornuna döwrebap, haşamly ýalpyldawuk binalar salynjak bolýar" diýilýär.

Makalada Muhammet pygamberiň ýaşan öýi hakda hem söz açylypdyr. Alymyň ýazmagyna görä, Saud häkimýeti köplenç wagtda şol öýi mal bazary ýaly ulanypdyr. Soň bolsa ol ýer kitaphana öwrülipdir. Emma "radikal din alymlary" oňa görübilmezçilik edýärler we golaýda ol ýer hem ýykylyp, ulag goýulýan ýere öwrüler.

Alym: "Ruhany işgärleriň öňe sürýän garaýşy, ynha, şeýle: adamlar ol ýerde Alla däl, eýsem pygambere çokunyp bilerler. Bu bolsa bagyşlanmaýan günä hasaplanýar" diýip ýazýar.

Mekge hiç haçan intellektual merkez bolmandyr

Ziýauddin Sardar soň şeýle ýazýar: "Bagdat, Damask we Kairden tapawutlylyk-da Mekge hiç haçan yslamyň intellektual we medeniýet merkezi bolmandyr. Ýöne bu plýuralist şäher üçin taryhda käbir musulman tarykatyny we mekdepleri tanadyş işleri geçirilipdir. Indi bolsa ol beton dini jülgä öwrülipdir we ol ýerde yslamyň diňe bir taryhy ugrunyň – Saudy yslamynyň salefid tarykaty rugsatly ýagdaýda. Başga tarykatlar ýasama hasap edilýärler".

Makalada aýdylmagyna görä, şeýle ýagdaý zyýarata gelýänler üçin problema öwrüler. Meselem, geçen ýyl Mekgä Miçigandan gelen şaýy zyýaratçylar ekstremistleriň pyçakly hüjümlerine duçar bolupdyrlar. Awgust aýynda bolsa amerikan musulmanlar bileleşigi döwlet departamentinden zyýaratlary üçin ýörite janpena isläpdir.

Haç sözüniň manysy

Alymyň gelen netijesine görä, Mekgäniň taryhynyň şeýle ýagdaýda bozulmagy "haç" sözüniň manysyny hem üýtgedýär.

"Jäht" diýen manyny berýän haç zyýaraty bir wagtlar, dogrudanam, sapar etmeklik, mukaddes ýerleri ýekän-ýekän aýlanyp görmeklik we dürli medeniýet hem tarykata eýe bolan dindeşler bilen ysnyşmaklyk hasaplanýardy. Häzir bolsa bu zyýarat dürli dini dabaralaryň durmuşa geçirilmegi we dükan-bazar aluw-satuw diýmeklikdir.

"Indi yslamyň ruhy ýüregi bolan Mekge haşamly, aşa döwrebap beton ada öwrüldi. Bu ýerde taryhyň manysy ýokdur. Sarp edijilik bolsa hetdenaşa. Şonuň üçinem bu mana geň galyp oturmaly däl. Ziýauddin Sardar öz gazet makalasynda şeýle ýazýar: ”Bu mana laýyklykda, yslamyň ganhor interpretasiýasy musulman topraklarynda, ynha, şeýle görnüşde häkimlik edýär”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG