Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýadaky operasiýa gatnaşmaz


Türk daşary işler ministri Türkiýe demirgazyk Siriýadaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy birtaraplaýyn guryýer operasiýalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaz diýdi. Sebäbi “bu realistik çemeleşme däl” diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu belledi.

Çawuşogly bu baradaky sözlerini 9-njy oktýabrda türk paýtagty Ankarada NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg bilen geçiren metbugat ýygnagynda mälim etdi.

NATO we Birleşen Ştatlar Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy söweşlere has köp goşulyşmagy üçin Türkiýä çagyryş edýärler.

Şeýlede, Çawuşogly Türkiýe Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň Siriýanyň Kobani şäherini gabawa alýan “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy amala aşyrýan howa zarbalaryny goldaýar diýdi. Kobani şäheriniň ýaşaýjylarynyň aglabasy kürtlerden ybaratdyr.

XS
SM
MD
LG