Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjik oppozision topary gadagan edildi


Täjigistanyň Ýokary sudy “Group 24” atly oppozision gurama gadagançylyk girizdi.

9-njy oktýabrda çykarylan bu karar hökümet tarapyndan gürrüňi gidýän oppozision topara garşy basyşlaryň artmagynyň yzýanyna gabat geldi. Bu wakalar “Group 24” atly oppozision topar 10-njy oktýabrda täjik paýtagty Duşenbede köçe protestlerini geçirmäge çagyryş etmek üçin internetden peýdalanandan soň boldy.

Ýokary suduň kazysy Salomat Hakimowa “Group 24” atly toparyň “ekstremistdigi” we şol sebäpden hem Täjigistanda gadagan edilendigi barada karar çykardy. “Group 24” atly oppozision topara gaçgaklykdaky täjik işewüri Umarali Kuwatow ýolbaşçylyk edýär.

Täjigistanda bu guramanyň websahypasy we çap edilen maglumatlary hem gadagan edildi.

Täjigistanyň metbugat serişdelerinde çykan habarlarda ýurduň internet ulgamyndaky bökdençlikler hökümete garşy protestleri geçirmek hakynda “Group 24” atly oppozision toparyň sosial ulgamlarda eden çagyryşlary bilen baglanyşdyrylýar.

5-nji oktýabrdan bäri Täjigistanyň çäginde ýüzlerçe websahypa, şol sanda Facebook, YouTube saýtlaryna we meşhur rus sosial ulgamlaryna girip bolmaýar.

XS
SM
MD
LG