Sepleriň elýeterliligi

Ukraina ÝB çagyryş etdi


Ukraina ýurduň gündogaryndaky de fakto häkimiýeti bölüp aýyrmak isleýän orsparaz separatistleri kabul etmezligi üçin Ýewropa Bileleşigine çagyryş etdi. Ukraina olaryň Ýewropany hem durnuksyzlaşdyryp biljekdigi barada duýduryş berdi.

Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin öňümizdäki aý ýurduň gündogaryndaky Donestk we Luhansk regionlarynda öz saýlawlaryny geçirmegi planlaşdyrýan separatistleri bu kararyndan yza gaýtmaga razy etmegi üçin Moskwa çagyryş etdi.

Brýusselde “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda Klimkin ýerli ilat şu ýylyň dekabra aýynda Kiýew tarapyndan gurnaljak ýerli saýlawlarda ses berse gowy bolardy diýdi.

Şeýlede, Klimkin Donetskdäki we Luhanskdaky separatistler tarapyndan gurnaljak “galp saýlawlaryň” gündogar Ukrainadaky ýagdaýyň Transdinestrdäki ýa-da Abhaziýadaky ýaly uzak wagt dowam etjek “doňdurylan konflikte” öwrülmegini güýçlendirip biler diýdi.

Moskwa tarapyndan goldanylýan Transdinestr we Abhaziýa sebiti Moldowanyň we Gürjüstanyň aýralykdaky regionlarydyr.

XS
SM
MD
LG