Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Hüjümde onlarça adam öldi


Ýemeniň paýtagty Sanada janyndan geçen hüjümçi şaýy demonstrantlaryň köpçüligine hüjüm etdi. Bu waka ýurtda täze yglan edilen premýer-ministr Ahmed Awad bin Mubarak öz wezipesinden çekilenden birnäçe sagat soň boldy.

Ýemeniň howpsuzlyk çeşmeleri 9-njy oktýabrda şaýylaryň “Houthi” atly harby toparynyň tarapdarlary “Al-Tahrir” meýdanynda ýöriş geçirmek üçin ýygnanan mahaly amala aşyrylan hüjümde azyndan 42 adamyň ölendigini habar berýärler. Şeýlede, wakada başgada ençeme adam ýaralandy.

Ýemen sünni ýolbaşçylary bilen “Houthi” atly harby toparyň arasyndaky güýçli dartgynlylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

“Houthi” toparynyň tarapdarlary Ýemeniň prezidenti Abd-Rabbu Mansur Hadi tarapyndan Mubaragyň premýer-ministr bellenilmegine garşy 9-njy oktýabrda köpçülikleýin protestleri geçirmäge çagyryş etdiler. Gürrüňi edilýän toparyň tarapdarlary Mubaragyň “daşary ýurduň goşulyşmagy” netijesinde wezipä bellenilendigini öňe sürýärler.

Birleşen Ştatlar we beýleki ýurtlar Ýemendäki durnuksyzlygyň “Al-Kaýda” hereketini güýçlendirmeginden alada edýärler.

XS
SM
MD
LG