Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 21 adam öldi


Pakistanyň Karaçi şäherinde öýde öndürilen alkogolly içgini içen 21 adam öldi. “AFP” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, pida bolanlaryň aglabasyny Gurban baýramyny belleýän musulmanlar emele getirýär.

“7-nji oktýabrdan bäri zäherli içgini içen 21 adam öldi” diýip, Karaçiniň “Jinnah” keselhanasynyň doktory Seemi Jamali “AFP” habar gullugyna beren maglumatynda belleýär.

Şeýle-de, ol keselhanadaky doktorlar gürrüňi gidýän içgiden içen başga-da 22 adamy halas etmäge synanyşýarlar diýdi.

Gürrüňi edilýän sebitiň polisiýa başlygy Ahtar Farugyň sözlerine görä, ýurduň polisiýasy bikanun alkogolly içgileri öndürýän zawodlara reýdleri gurnap, şübheli üç adamy tussag edipdir.

XS
SM
MD
LG