Sepleriň elýeterliligi

"Garym gazyp serhedi gorap bolmaz"


"Simiň ýa garymyň özi böwet, böwedi goramasaň, onuň diňe özüniň hiç hili manysy ýok".

"Simiň ýa garymyň özi böwet, böwedi goramasaň, onuň diňe özüniň hiç hili manysy ýok".

Türkmenistanyň türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk çärelerini berkidip, araçäkde garym gazyp, sim dikip başlandygy barada maglumatlar gowuşýar. Bu çäreler şu ýylyň dowamynda türkmen-owgan serhedinde türkmenistanly serhetçileriň atylyp öldürilmeginiň we sebitde söweşijileriň köpelýändigi bardaky maglumatlaryň peýda bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Eýse, Türkmenistanyň häzirki görýän bu howpsuzlyk çäreleri nä derejede ygtybarly bolar?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu sorag bilen gyzyklanyp, uzak ýyllaryň dowamynda “Talyban” söweşijilerine garşy göreşen we häzirki wagt pensiýadaky pakistanly general Sadmuhammet bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Belki, eşidensiňiz Owganystandaky söweşijiler, şu ýylyň dowamynda iki gezek Türkmenistanyň serhedini bozup geçdiler hem 6 sany türkmen serhetçisini atyp öldürdiler. Owganystanyň Täjigistan we, esasanam Özbegistan bilen serhetleşýän böleklerinde munuň ýaly ýagdaýlara ýaňy-ýakynlarda duş gelinmedi. Bu wakalaryň Türkmen-Owgan serhedinde ýitileşmegine näme sebäp bolýar diýip pikir edýärsiňiz?

General Saad Muhammad: Özbegistanda has köpräk, belli bir derejede Täjigistanda-da [owgan] söweşijileri bilen bagly problemalar bar, sebäbi olaryň raýatlaryndan “Al-Kaýda”, “Özbegistanyň Yslam hereketi” ýaly toparlara goşulanlar bar. Türkmenistanyň raýatlary barada aýdylanda, olaryň munuň ýaly toparlara goşulandygy barada o diýen maglumat ýok.

Şu ýagdaýlar sebäpli Özbegistan bilen Täjigistanyň serhet goragy, Türkmenistan bilen deňeşdirilende has berk, beýle wakalara türkmen-owgan serhedinde has köp duş gelinmeginiň bir sebäbi şonuň bilen bagly bolup biler.

Ýöne muňa seýrek waka diýip baha berip hem bolar, sebäbi “Talyban” toparynyň güýji häzirlikçe çäkli, bu topar ozaly bilen Owganystany eýelejek bolar, eger islese soňy bilen olar töwerege göz dikip başlarlar.

Meniň pikirimçe, “Talyban” geçmişde bolan wakalardan sapak alan bolmaly, Owganystanyň çäginden daşarky ýagdaýlara aralaşyp başlanlarynda, olar munuň ýaly hereketiň halkara derejesinde reaksiýa döretjegine 11-nji sentýabrda ABŞ-da bolan wakadan soň göz ýetirdiler.

Şol wakalara “Talybanyň” dahylynyň bolmandygyna garamazdan, olaryň myhmany hökmünde Owganystanda ornaşan käbir adamlar dünýä haýbat atdylar. Netijede bu ýagdaýa garşy reaksiýa görkezildi we “Talyban” 13 ýyllap dowam eden urşa girmäge [mejbur boldular].

Şonuň üçin “Talybanlaryň” ünsi diňe Owganystan bilen çäklenermika diýýärin, elbetde, ýek-tük hadysalar bolar durar, emma beýle wakalar üçin alada galmaga esas ýok.

Azatlyk Radiosy: Emma Türkmenistan alada galýana meňzeýär, sebäbi soňky döwürlerde Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetleşýän araçägine sim aýlap, garym gazyp başlandygy barada maglumatlar bar. Bu çärelere harby strategiýa hökmünde nähili baha bermek mümkin?

General Saad Muhammad: Dyzmaç we öz maksadyna okgunly adamlaryň öňüni alyp bolmaýar, 1973-nji ýyldaky arap-ysraýyl söweşinde Ysraýylyň “Barlew” adyndaky gorag liniýasyndan berk goralan serhet şu güne çenli bolmadymyka diýýärin. Şol liniýa syn edeniňde, ondan geçmek asla mümkin däl diýersiň, emma şonam bösüp geçen bolupdy.

Diýjek bolýan zadym, bilini guşan adam etjegini edýär, eger onuň maksady serhetden geçmek bolsa, ol geçer, onuň doly öňüni alyp bolmaz. Bir harby şahsyýet hökmünde gürrüňini edýän serhedimizde beýle bir ýagdaýyň ýüze çykjakdygyny pikir edemok.

Elbetde, men Türkmenistanyň hökümetiniň aladasyna-da düşünýärin, olar çäre görerler, bu ýaňky agzap geçen welaýatlaryňyzda ýerleşýän söweşijileriň garşysyna gönükdirlip görlen çärelerdir. Emma şol söweşijileriň edil şu günki gün serhetaşyr çaknaşyklara girer ýaly güýji ýok.

Emma Owganystanyň ýagdaýy ýaramazlaşyp, bu ugurda ýeterlik çäre görülmese, onda Owganystan öz goňşularynyň ählisine howp salyp biler, onsoň, elbetde, alada galynmaga esas bar, haçanda problema ulalsa, bu barada gürrüň etmeli bolar.

Azatlyk Radiosy: Siz, “Talybana” we “Talyban” bilen bilelikde iş alyp baran söweşijilere garşy Pakistanyň tire-taýpalar regionynda uly operasiýalar geçirdiňiz, şol söweşijileriň serhedi bozup geçip Owganystana giren we Owganystandan ýene Pakistana baran pursatlary bolýar, siz näme sebäpden bu ýagdaýyň öňüni almak üçin serhediňizde garym gazmadyňyz ýa sim aýlamadyňyz?

General Saad Muhammad: Sebäbi onuň hiç hili peýdasy ýok, Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedi barada aýdylanda, ol açyk meýdan, açyk meýdanda garym gazmak we sim aýlamak aňsat, onuň ýaly ýerlerde beýleki gorag çärelerini hem görüp bolar, meselem, ýeri minalamak ýaly.

Simiň ýa garymyň özi böwet, böwedi goramasaň, onuň diňe özüniň hiç hili manysy ýok. Owganystan bilen biziň, ýagny Pakistanyň serhedi daglyk ýerler, olaryň käbirleri gaty beýik, serhedimizde derýa hem bar, ol ýerlere sim aýlap çykmak mümkin däl.

Pakistan garaşsyzlygyna gowuşmazdan ozal Hindistanyň bölegidi, Hindistan Britaniýanyň golastyndady, Britan patşalygy-da şol serhede kontrol edip bilmedi. Owganystana sowet goşuny girende, ol dünýä derejesindäki güýçdigine garamazdan, serhede kontrol edip bilmedi.

ABŞ Owganystana girende, olam serhede kontrol edip bilmedi, Pakistanyň Owgan serhedine kontrol etmegi asla mümkin däl. Biziň onuň ýaly güýjümiz ýok.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, Siziň pikiriňizçe, serhetde garym gazmagyň ýa sim aýlamagyň harby strategiýa taýdan hiç hili manysy ýok?

General Saad Muhammad: Hawa, hiç hili peýdasy ýok. Hindistan Kaşmirde serhediň bar ýerine sim aýlap çykdy, şeýle-de bu iň köp harby güýç ýygnalan region diýlip hasaplanýar, emma muňa garamazdan, serhedi bozup geçýärler. Serhet bary barybir bozulyp geçilýän bolsa, onda serhede sim aýlap, çykdajy etmegiň näme manysy bar?

Azatlyk Radiosy: Onda siz Türkmenistana näme maslahat bermekçi?

General Saad Muhammad: Meniň pikirimçe, Türkmenistan öz territoriýasynda şeýle toparlara goltgy berýän adamlary tapyp, olara garşy çäre görmeli, bu birinjiden, sebäbi içerden kömek bolmasa, adamlaryň daşardan baryp, ýurdy bulaşdyrmagy mümkin däl.

Ikinjiden, adamlara öz pikirlerini aýtmaga rugsat edilmeýän syýasat bes edilmeli, ýurt açylmaly. Haçan-da adamlara öz hökümetini özi saýlamaga, pikir, garaýşyny aýtmaga rugsat edilmese, diktatura höküm süren halatynda, adamlar ýaraga ýapyşarlar. Şol ýurtlar syýasy taýdan açylmaly, adamlara syýasy çärelere gatnaşmaga rugsat edilmeli.

Galyberse-de, Owganystana goňşy ýurtlaryň ýolbaşçylary ýygnanyp, bu problemanyň çözgüdini gözlemeli, Owganystanda ýagdaý dartgynly bolup galsa, problemalaryň soňy bolmaz.

XS
SM
MD
LG