Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň Siriýadaky kynçylygy


Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýynda, 8-nji oktýabr, 2014

Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýynda, 8-nji oktýabr, 2014

"Yslam döwletiniň" söweşijileriniň Siriýanyň ok astyndaky Kobani şäherini eýelemek barada edýän haýbaty bilen baglylykda Türkiýäniň ýaragly güýçleri ok atar aralykdan daşda durýan hem bolsalar, islendik pursatda wakalara goşulyşmaga taýýarlyk derejesinde galýarlar.

Türkiýäniň serhetde ýerleşdirilen gury ýer goşunlary we tanklary Kobaniden birnäçe ýüz metr golaýda, depelerde eýelän öz pozisiýalaryndan gozganmaýarlar.

Türkiýe, esasan, kürtleriň ýaşaýan şäheriniň söweşijileriň eline düşmegine ýol bermejegini aýdan hem bolsa, öz aýdanlaryny harby hereketler bilen tassyklamakda kyn mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Eger Türkiýe hereket edip başlasa, “Yslam döwletiniň” ekstremistleriniň gahar-gazabyna duçar bolmak we gury ýer söweşlere çekilmek töwekgelçiliginiň astyna düşer. Emma Ankara goşun salmasa, Türkiýäniň etnik kürtleri bilen dartgynlylygyň tutaşmak töwekgelçiligine duçar bolup, Kürdüstanyň işçiler partiýasy PKK atly harby topar bilen ýaňy ýola goýlan gatnaşyklaryna zeper ýetirip biler.

Uly nyşan

Eger Türkiýe Kobanide “Yslam döwletine” garşy harby söweşlere gury ýer çäreleri ýa-da howadan bombalamak arkaly goşulyşsa, jyhadçylaryň nyşanyna öwrülip biler.

Bilermenler, “Yslam döwletiniň” yslam halyfatyny döretmek bilen bagly territorial ambisiýalary hasaba alnanda, onuň Türkiýe üçin hakyky howpy döredýändigini aýdýarlar.

Stambully bilermen Gareth Jenkins Ankaranyň Siriýanyň içerki işlerine goşulyşmagynyň, Türkiýäniň içinde terrorçlylyk hüjümleriniň ähtimallygyny artdyrjakdygyny aýdýar.

“Türkiýäniň içinde “Yslam döwletiniň” özi ýa-da onuň tarapdarlary tarapyndan terrorçylykly hüjümleriň howpy artar” diýip, Jenkins belleýär.

Ynamyň gaçmagy

Jenkinsiň aýtmagyna görä, eger Türkiýe öz ýaragly güýçlerini Siriýanyň prezidenti Başar al Assadyň Siriýadaky iň ganym duşmany “Yslam döwletine” garşy gönükdirse, onuň regiondaky abraýyny ýitirmek töwekgelçiligi döreýär. Ankara regionyň täsirli güýji hökmünde Siriýada Assadyň režiminiň çalyşmagynyň tarapynda çykyş edýär.

Kürtler bilen gapma-garşylyk

Eger Türkiýe Kobanide “Yslam döwletine” garşy harby çärelere girişmese, ýurduň etnik kürtleri bilen gapma-garşylygy tutaşdyrmagy mümkin.

Nägilelikler eýýäm başlandy. Türkiýäniň hereketsizligi sebäpli gahar-gazaply çykyşlar 7-nji oktýabrda ýurduň günorta-gündogarynda kürtleriň köplük bolup ýaşaýan regionlarynda başlandy.

Kürt diasporalary Ýewropada hem protest aksiýalaryny geçirdiler.

Jenkins kürtleriň Türkiýäniň hereketsizliginden nägileliginiň uzaga çekjegini çak edýär we Ankaranyň bu kararynyň kürtleriň serhetden geçip, söweşe gatnaşmagyna päsgel berýändigini we bu milli azlygy özünden hasam daşlaşdyrýandygyny belledi.

Parahatlyk prosesiniň soňy

Bilermenler Türkiýäniň Kobanidäki hereketleriniň Ankaranyň we ýurtda gadagan edilen PKK, ýagny Kürdüstanyň işçiler partiýasy atly toparyň arasyndaky gowşak parahatçylyk prosesine zeper ýetirip biljegini aýdýarlar. PKK toparynyň tussaglykdaky lideri Abdylla Ojalan kürtleriň Kobanidäki gyrgynçylygynyň Ankara bilen parahatlyk prosesine zeper ýetirjegini geçen hepdede duýdurdy. Ankaranyň kürtlere has giň awtonomiýa berilmegini talap edýän PKK bilen gepleşikleri 30 ýyllap dowam eden we 40 müň adamyň ölümine sebäp bolan gozgalaňlaryň soňuna çykmak maksadyny göz öňünde tutupdy.

Yrak Kürdüstany bilen gatnaşyklaryň bozulmagy

Şeýle-de bilermenler Ankaranyň kürtleriň Yrakdaky regional hökümeti bilen gatnaşyklarynyň bozulmak howpunyň hem bardygyny belleýärler. Yragyň Kürt awtonom regiony Ankaranyň regionda esasy söwda partnýoryna we ýaranyna öwrüldi.

Jenkinsiň bellemegine görä, awgust aýynda “Yslam döwletiniň” söweşijileri Yragyň demirgazygynda kürtleriň ýaşaýan giňişliklerini basyp alanda, kürtleriň özlerine harby we ynsanperwer kömegini bermek barada eden çagyryşlaryna Ankaranyň gulak asmazlygy Türkiýäniň we Yragyň Kürdüstan regionynyň arasyndaky gatnaşyklara eýýäm zeper ýetirdi.

Halkara tankyt

Türkiýäniň içindäki basyşlardan daşgary Ankaranyň Kobani şäherine girmegi üçin halkara derejesinde hem basyş edilýär. Jenkisiň sözlerine görä, Ankara hereketsizligi bilen halkara ynamynyň hem uly bölegini ýitirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG