Sepleriň elýeterliligi

Minskde GDA sammiti başlanýar


Belarusyň paýtagty Minskde Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň sammiti başlanýar. 10-njy oktýabrda geçirilýän bu ýokary derejeli duşuşyga Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşjakdygy, emma Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň gatnaşmakdan saklanýandygy aýdyldy.

Minskdäki sammit Kiýewiň we Moskwanyň arasynda Orsýetiň Ukrainadaky agressiw syýasaty bilen bagly dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda geçirilýär.

Maý aýynda Ukraina GDA guramasyndan çykmak planlaryny yglan edipdi.

Mart aýynda Krym ýarymadasyny bikanun öz düzümine goşan Orsýet Ukrainada durnuksyzlygy tutaşdyrmakda, şol sanda Ukraina öz ýaraglaryny we esgerlerini ibermekde aýyplanýar. Moskwa muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG