Sepleriň elýeterliligi

Ebola: Britaniýanyň raýaty ýogaldy


Ebolanyň alamatlary bilen näsaglan britaniýaly adam Makedoniýada ýogaldy. Saglygy saklaýyş resmileri bu adamyň 9-njy oktýabrda Makedoniýanyň paýtagty Skopýede keselhana eltilensoň aradan çykandygyny aýtdylar.

Saglyk ministrliginiň ýokanç keseller boýunça komissiýasynyň wekili doktor Jowanka Kostowska näsagda gyzdyrma, gaýtarma we içerki ganama ýaly alamatlaryň bolandygyny we onuň halynyň tiz erbetleşendigini gürrüň berdi.

Kostowskanyň aýtmagyna görä, gan nusgalary barlag üçin Germaniýa iberilipdir. Näsagyň ýerleşen myhmanhanasynyň daşy derhal gabalyp, onuň beýleki myhmanlary we işgärleri içinde galdyryldy.

Ebola wirusy mart aýyndan bäri Günbatar Afrikada 4 000 çemesi adamyň ölümine sebäp boldy. Afrikanyň daşynda Ebola wirusy bilen hasaba alnan ilkinji näsag ispaniýaly şepagat uýasynyň ýagdaýynyň 9-njy oktýabrda Madridde ýaramazlaşandygy aýdylýar. Bu ýerde jemi 7 adam wirus bilen baglylykda üzňelikde saklanýar.

XS
SM
MD
LG