Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan edildi


Malala Ýousafzai (ç) we Kailaş Satyarthi (s)
Malala Ýousafzai (ç) we Kailaş Satyarthi (s)

Pakistanda gyzlaryň bilim almak hukugy ugrunda göreşip, “Talybanyň” hüjümine sezewar bolan ýetginjek gyz Malala Ýousafzai we Hindistanda çagalaryň hak-hukuklary ugrunda göreşýän aktiwist Kailaş Satyarthi 2014-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna eýe boldular.

1.1 million dollarlyk baýragyň eýesi 10-njy oktýabrda yglan edildi we 10-njy dekabrda Osloda gowşurylar.

Norwegiýanyň Nobel Komitetiniň başlygy Thorbýorn Jagland baýrak barada eden çykyşynda “Nobel Komiteti muňa induistler we musulmanlar, hindistanlylar we pakistanlylar üçin bilim ugrunda we ekstremizme garşy göreşe goşulmaga möhüm pursat hökmünde garaýar”, diýdi.

2014-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenenleriň arasynda Edward Snowden, Papa Fransis hem boldy. Snowden 2013-nji ýylyň tomsunda ABŞ-nyň amala aşyrýan köpçülikleýin gözegçiliginiň üstüni açdy.

Papa Fransis garyplyga garşy göreş ugrunda köp iş alyp barýar.

Norwegiýanyň Nobel Komiteti şu ýyl Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenenleriň sanawyna 278 dalaşgäriň girýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG