Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek Londondan öňki prezidentiň ogluny talap edýär


Gyrgyzystan Britaniýadan öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň ogluny bermegi talap edýär. Maksim Bakiýew öz ýurdunda korrupsiýada aýyplanyp, 25 ýyl türme tussaglygyna gaýybana höküm edildi.

Gyrgyz mediasy Maksim Bakiýewiň öz ýurduna berilmegi meselesiniň Gyrgyzystanyň Baş prokurory Aida Salyanowanyň Britaniýanyň ýustisiýa ministriniň orunbasary Edward Faulks bilen maslahat edendigini habar berdi.

Maksim Bakiýew 2010-njy ýylyň zorlukly protestleriniň netijesinde öz atasynyň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginiň yzýany ýurdy terk edipdi.

XS
SM
MD
LG