Sepleriň elýeterliligi

Awtobus gatnawyndaky bökdençlikler


Awtobusyň gelerine garaşyp duran ýolagçylar

Awtobusyň gelerine garaşyp duran ýolagçylar

Paýtagtyň S.Türkmenbaşy we Magtymguly prospektleriniň kesişýän çatrygyndaky awtobus duralgasynda awtobuslaryň bu duralga näçe wagtdan geljekdigini görkezýän döwrebap tablo asyldy.

Häzirlikçe şäherde ýeke bir ýerde ýerleşdirilen bu tabloda awtobusyň marşrut belgisi, gatnaw ugry we ol awtobusyň awtoulag döwlet nomeri görkezilýär. Tablonyň ahyrky grafasynda bolsa awtobusyň duralga ýene näçe wagtdan geljegi barada maglumat berilýär.

Duralgada asylan täze tablo

Duralgada asylan täze tablo

Munuň bilen birlikde täze ornaşdyrylýan bu tablonyň kemçilikleri hem ýok däl. Mysal üçin, beýlekilerden tapawutlylykda – bu tablo agzalýan awtobus duralgasyna gelýän 37-nji marşrut awtobusynyň wagtyny asla görkezenok.

Ýaňky aýdylyşy ýaly, bu tablo häzirlikçe paýatgtyň diňe bir awtobus duralgasynda goýlupdyr. Beýleki duralagalarda, öňki ýaly, diňe awtobus gatnawynyň ýygylygyny görkezýän marşrut kartalary asylgy. Şol bir wagtda-da bu marşrut kartalary käbir duralgalarda düýbünden ýok. Käbirlerinde bolsa ýalňyş goýlupdyr. Mysal üçin, Oguzhan köçesindäki duralgalaryň käbirlerinde Arçabil köçesiniň awtobus marşrut kartlary goýlupdyr.

Emma awtobuslaryň köpüsi bu kartalardaky awtobus gatnawynda görkezilen ýygylykdan käbir ugurlar boýunça 15-30 minuda çenli gijä galyp gatnaýarlar. Mysal üçin, 60-njy marşrut boýunça gatnaýan awtobusyň ýarym sagat gijä galýan wagty hem bolýar.

Paýtagtyň gündogar çetinde 13-nji marşrut boýunça gatnaýan awtobuslar 10-15 minut gijä galyp gatnaýarlar. Köçeleriň häli-şindi ýapylmagy zerarly bu awtobusa ýarym sagatdan hem köp garaşmaly bolýar. "Teke bazaryndan" Saglyk ýoluna gatnaýan 21-nji marşrut boýunça gatnaýan awtobusyň käte bir sagat hem gijä galyp gelýän wagty bar.

Paýtagtyň çetki raýonlaryna gatnaýan awtobuslaryň hem gatnawynda bökdençlikler bolýar. Mysal üçin, 4-nji, 5-nji marşrut awtobuslaryň öz degişli gatnaw ýygylygyndan 10-15 minut gijä galýan wagtlary seýrek däl. Mundan başga-da bu awtobuslaryň gije sagat 20.00-dan soň marşrut boýunça gatnamaýan gezekleri-de bar.

Büzmeýin, Gypjak ugurlary boýunça gatnaýan 61,62,63,64-nji marşrut awtobuslarynyň sürüjileriniň bolsa, awtobus ýolagçylardan dolýança garaşyp, gatnawyň wagt tertibinden çykýandyklaryny şol ugurlar boýunça gündelik gatnaýan ýolagçylar gürrüň berýärler.

Mümkin sebäpler

Awtobuslaryň gatnaw ýygylygyndan gijä galmagynyň bir sebäbi hökmünde - marşruta çykýan awtobuslaryň ýetmezçiligi getirilýär. Soňky bir ýylyň içinde paýtagtyň giňelmegi bilen awtobus marşrutlarynyň sany hem köpeldi. Eger geçen ýyl 60 sany bolan bolsa, onda bu ýyl paýtagtyň awtobus marşrutlarynyň sany eýýäm 70-e ýetdi. Şol marşrutlar boýunça her günde 700 sany awtobus ýola çykmaly.

Emma Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň bir işgäriniň sözlerine görä, şonça awtobusyň her günde gatnawa çykmaýar. Döwlet tarapyndan 2008-nji ýyldan bäri "Hýunday" kysymly awtobuslaryň ýüzlerçesi satyn alynsa-da, şol awtobuslaryň marşruta çykmaýanlarynyň kändigini ol gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, häzir garažda 200-den gowrak awtobus döwük ýatyr we olary bejermek üçin, şaý-sep satyn almaga pul ýok. Bu bolsa marşruta çykýan awtobuslaryň sanyny azaldýar. Netijede awtobuslar grafikden gijä galyp gatnaýarlar diýip, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň bir işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Aşgabatda awtobus gatnawy geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň ahyrlarynda peýda boldy. Paýtagtda häzirki wagtda 70 marşrut boýunça awtobus gatnawy bar. Şu ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, şäher içi awtobuslarda ýol kireýiniň nyrhy bir gatnaw üçin 50% we umumy bir aýylyk ýol peteginiň bahasy-da 2,5 esse gymmatlady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG